logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦ ✦ Logopediýada sakawlanma - sözleýşiň giňden duş gelýän kemçilikleriniň biri ✦ ✦ Arheologiýa - geçmişiň syrly mirasyny öwrenýän ylym ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Bagtyýar zamanyň ösüşli ýoly bilen
  13.03.2024
683
Bagtyýar zamanyň ösüşli ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ähmiýetli çäreler, döwletli başlangyçlar öňe sürülýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlarynda obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kesgitlenen möhüm wezipeler hem üstünlikli çözülýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligini, durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, täze iş orunlaryny döretmek milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty artdyrmaklyga uly şert döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amal edilýän oňyn özgertmeleriň baş maksady hem ýurdumyzy gülledip ösdürmeklige esaslanýar. 

 

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýer eýeleri, daýhanlar üçin zerur ýeňillikleri döretmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyny talabalaýyk derejede ösdürmek ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün edýär. Kiçi we orta telekeçiligi giňeltmek, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda ylym we bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary ýokary hünärli hünärmenler bilen üpjün etmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Täze, döwrebap tehnologiýalary, innowasiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaklyga, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga, innowasion senagaty ösdürmäge, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we netijede bolsa maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berilýär. Täze taryhy eýýamda ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ýaş nesliň döwrebap derejede bilim almagy ugrunda dünýä nusgalyk işleriň ýola goýulmagy-da  diýseň guwandyryjydyr. 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan şeýle oňyn özgertmelere, gazanylan üstünliklere daýanyp, eziz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen ösüşiň, täze galkynyşyň hem rowaçlygyň ýolunda öňe ilerleýändigini uly buýsanç bilen aýtmak bolar. 

 

Gülnur AGADURDYÝEWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
weterinar lukmançylygy fakultetiniň 
1-nji ýyl talyby.