logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi
  05.09.2026
191
Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi

Türkmen aýdym-sazlarynyň  döremegine, ösmegine   ençeme hakdan içen zehinli adamlar saldamly goşant goşdular. Şeýle ynsanlaryň biri-de  XVI asyryň ikinji, XVII asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen, bagşyçylygyň ärsary ýolunyň  düýbüni tutan, asly sakar taýpasyndan bolan Myrat bagşydyr. Onuň il arasyndaky ýörgünli ady Myrat bagşy ata bolupdyr. Bu il-günüň onuň hünär ussatlygyny ykrar edip dakan adydyr.

 

Ol ezber dutarçy bolupdyr. Myrat bagşy hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...», rus sazşynaslary W.Uspenskiý bilen W.Belýaýewiň «Türkmen sazy» atly kitabynda gymmatly maglumatlar berilýär. Bagşa döwürdeş sazandalary aýratyn hormat goýmagyň alamaty hökmünde «Eý, meniň hemaýatkärim, Myrat bagşy ata!» diýip ýüzlenipdirler. Şonuň ýaly-da, Bazar bagşynyň, Goç bagşynyň, Öwlüýäguly bagşynyň, Juma Wellekowyň, Soltanşa Atanyýazowyň, Annadurdy molla-şahyryň beren gürrüňlerine görä, lebaply bagşy-sazandalar ençeme asyrlardan bäri aýdym-saza ýa-da dessana başlanlarynda-da «Ýa pirim, Myrat bagşy ata! Maňa medet, diňleýjilerime sabyr-takat bereweri!» diýipdirler.

 

Ýyllaryň geçmegi bilen sungat ussadynyň açan ýoly  has giňedi. Onda köp ussatlar abraý bilen synagdan geçdiler. Muňa Ärsary bagşy, Bazar bagşy, Saltyk bagşy, Kyrkar bagşy, Öwezmyrat bagşy, Mustak Aýmedow, Juma Wellekow  ýaly häzirki günlerde-de atlary dilden düşmeýän ägirtleri mysal getirmek mümkin. Şol halypalary ýatlamak, milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda ýadawsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleri arzuw edýäris.  

               

                                                              Mergen ASDANOW,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen

milli konserwatoriýasynyň

Halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.