Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ylmy-amaly maslahatda ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň futbol boýunça (U17) ýygyndy topary Daşkentde geçirilen CAFA 2025-de bürünç medala mynasyp boldular ✦ ✦ “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi ✦ ✦ Täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy ✦ ✦ Paýtagtymyzda Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyny» geçirildi ✦ ✦ 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler ✦ ✦ Suratkeşiň döredijilik ylhamy ✦ ✦ Sarahs etraby 48 müň 100 tonna bugdaý hasylyny almagy maksat edinýär ✦ ✦ Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň möhüm ugry ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Bag - bakylygyň alamaty
  15.11.2019
1079
Bag - bakylygyň alamaty

    Meşhur ýazyjymyz Gara Seýitliýewiň “Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar” diýen setirlerinde belleýşi ýaly, ata-babalarymyz bag ekmeklige, oňa seretmeklige uly ähmiýet beripdirler. Häzirki döwürde Hormatly Arkadag Prezidentimiz hem ata-babalarymyzdan gelýän şol adatlary dowam etdirip, özüniň Prezidentlige geçen gününden bäri bag ekmeklige döwlet derejesinde üns berilmegi ýola goýdy. Muňa mysal edip ýurdumyzda “TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOKAÝ MAKSATNAMASYNYŇ“ kabul edilmegi , şeýle hem her ýylyň aprel aýynda bag ekişlik günleriniň geçirilmegi , şol baglara ideg işleri ýörite döwlet derejesinde ýowar günleriniň geçirilmeginde alnyp barylmagy munuň şaýadydyr.

    Milli tokaý maksatnamasynyň maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň  hukuk binýadyny pugtalandyrmakdan, howanyň üýtgemeginiň  öňüni almakdan we onuň ýetirýän zyýanyny azaltmakdan ekologik ulgamlaryň we tokaý hojalygynyň howanyň üýtgemegine bolan durnuklylygyny ýokarlandyrmakdan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykaran 12366 belgili Karary bilen tassyklanan “Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

    Bag ekmekligiň bakylyk düşünjesi bilen baglydygyna bütin adamzat jemgyýeti düşünýär. Hormatly Prezidentimiz adamzat jemgyýetiniň şeýle düşünjelerini ösdürip, dünýä derejesinde geçirilýän her bir ýygnaklarynda ekologiýa syýasaty bilen baglanyşykly öz çykyşlaryny edýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrýar.  

     Häzir ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny goldap, telekeçilerimiz ýörite daşary ýurtlardan biziň ýurdumyza uýgunlaşyp biljek bag nahallaryny getirmek bilen meşgullanýan bolsa, ýurdumyzyň  bagbanlary ýörite nahalhanalary döredip, bagçylygyň ösdürilmegine şert döredýärler. Bu bolsa ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçýändiginiň we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada alnyp barylýan işleriň barha ilerleýändiginiň subutnamasydyr.

     Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatynyň ekologiýa medeniýeti bilen baglanyşdyryp mekdeplerde 10-11-nji synplarda ýörite ekologiýa sapagynyň girizilmegi, şeýle hem ýokary okuw  jaýlarynda ekologiýa babatynda ýörite bölümleriň açylyp, sapak berilmegi, ýaşlara daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmegi üçin geçirilýän çäreler barada, şeýle hem döreýän ekologik meseleleriň çözülişi barada öwredilýär. Şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň öz howandarlygynda döredilen “Ekologiýa medeniýeti” atly üç dilde beýan edilýän žurnal hem türkmen halkynyň tebigata, şol sanda bagçylyga, umuman adamzat üçin zerur bolan tebigylyga aýratyn ünsüň berilýändiginiň aýdyň şaýadydyr. Şu ýokardaky aýdylanlardan çen tutsak, “Bag- bakylygyň alamatydyr” diýen düşünjäniň dogrudygyna göz ýetirýärsiň.