logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Awtoulag öndüriji «Rolls-Royce» kompaniýasy Aýda ýadro reaktoryny gurmagy meýilleşdirýär
  24.03.2023
1195
Awtoulag öndüriji «Rolls-Royce» kompaniýasy Aýda ýadro reaktoryny gurmagy meýilleşdirýär

NASA-nyň Artemis taslamasy bilen adamlar 2025-nji ýylda Aýa gonarlar. Şeýle-de bolsa, kosmonawtlar üçin bu ýerde hemişelik bolmak üçin şert döretmek üçin durnukly energiýa çeşmesi zerur bolup durýar.

Mars we Aý üçin kosmos gözleglerini tizleşdiren ABŞ, birnäçe wagt bäri kosmos gurşawyndaky adamlaryň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrjak täze taslamanyň üstünde işleýär. Bu taslama bilen baglanyşykly Iňlis kosmos gullugy Aýda guruljak reaktorlar üçin kaşaň awtoulag öndüriji kompaniýa bolan «Rolls-Royce» bilen ylalaşyk baglaşdy.

«Rolls-Royce» tarapyndan işlenip düzüljek ýörite döredilen ýadro reaktorlary Aýyň üstünde we astynda şeýle-de Ýer bilen Aýyň arasynda syýahat etjek kosmos gämilerini energiýa bilen üpjün edip biler.

ABŞ we Angliýanyň Marsda we Aýda reaktorlar gurmak taslamasy iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji etapda reaktoryň dizaýny dörediler we ikinji tapgyra başlanar. Bu etapda synag reaktory işlenip taýýarlanylar we reaktoryň uçuş-gonuş ulgamlary 2026-njy ýyla çenli taýýar bolar. 

 

Rahym RAHMANGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.