logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Atmosfera howasynyň döreýşi
  16.12.2023
1403
Atmosfera howasynyň döreýşi

Mundan 5 milliard ýyl ozal zeminiň dörän döwründe adamynyň häzirki wagtda dem alýan howasyna düýbünden meňzeş bolmandyr. R. Weýssiň çaklaýşy ýaly täze emele gelen zemin – ýertogalagy esasan suw buglaryndan, ammiakdan we metan gazyndan düzülen atmosfera bilen gurşalan bolmagy ähtimaldyr. Atmosfera we gidrosfera ýeriň ýokarky gabygyny emele getirýär, onuň üstki örtügine eräp çykan ergin dag jynslaryň (lawalar) gazsyzlanmak hadysasy döwründe, ýeriň üstüni suwuň buglary, uglerodyň birleşmeleri, ammiak, kükürt onuň birleşmeleri we beýleki gazlar düzüpdir. Bu gazlaram ýeriň ilkinji atmosferasyny emele getiripdir. Uglerodyň, wodorodyň, kislorodyň we azodyň birleşmeleriniň emele gelmegi üçin zerur bolan energiýa şol döwürdäki ýylylygyň, ýagtylygyň ultramelewşe we rentgen şöhleleriniň täsiri astynda dörän bolmagy mümkindir. Millionlarça ýyl soňra bolsa ilkinji ýaşaýjylaryň birnäçesi (protowiruslar) özleriniň ýaşaýşy üçin zerur bolan energiýany gadymy ummanda emele gelýän maddalara baý bolan "çorbada" ("bulýonda") organiki birleşmeleriň turşamagy netijesinde dörän energiýanyň hasabyna üpjün edendiklerine göz ýetirse bolýar. Ol turşama goşmaça önüm hökmünde CO2 emele getirip tebigatda iň möhüm hadysa bolan, fotosinteziň ýüze çykarylmagyna başlangyç döredipdir. Şol hadysa arkaly ýaşyl ösümlikler CO2-den we H2O-dan hlorofil däneleriniň kömegi bilen gün energiýasyny tutup şekeri sintezleýärler (ýönekeý maddalaryň birleşmeginden çylşyrymlaşan şekeri alýarlar). Fotosintetik işjeňligiň ýokarlanmagy netijesinde atmosfera howasyna milliardlarça tonna molekulýar kislorod goşulýar.

 

 

Şeýlelikde, şol gymmatly gazy ulanýan haýwanlaryň (we netijede adamlaryň) ýaşaýşy üçin hemme şertler taýýarlanypdyr. Ondan başga-da, howada biçak köp kislorodyň döremegi sebäpli atmosferada “kislorodyň rewolýusiýasy” bolup geçipdir. Ol örän işjeň gaz metan bilen birleşip CO2 we suwy hem-de ammiagy emele getirýär. Şonuň netijesinde bolsa ýenede azody we suwy boşadýar. Howanyň ýokarky gatlaklarynda kislorodyň molekulalary beýleki molekulary bilen birleşip ozony emele getiripdir. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda şeýle hadysalaryň netijesinde ammiakdan we metan gazyndan azat bolan häzirki döwürdäki atmosfera howasy emele gelipdir.

 

 

Ýazmyrat GARAJAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.