Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” ✦ ✦ «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy başlandy ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ ÝB - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi ✦ ✦ TIF 2025 Awazada geçiriler ✦ ✦ Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy ✦ ✦ Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Awaza Forumynyň jemleri ✦ ✦ Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap bilim desgalary ulanylmaga berler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Asylly maksatlar hem oňyn ösüşler bilen
  06.06.2023
839
Asylly maksatlar hem oňyn ösüşler bilen

Bagtyýar zamanada Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary bolan gurluşyk-senagat, ýangyç-energetika toplumy ýokary depginde pajarlap ösýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem bu babatdaky netijeli işleri yzygiderli durmuşa geçirmekde oňyn ädimler ädilýär. Dürli maksatly döwrebap binalar, ýaşaýyş jaýlary, kaşaň mekdepler hem çagalar baglary, saglygy goraýyş we sport maksatly desgalar we beýleki köp sanly desgalar ulanmaga berilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeginde amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. Häzirki wagtda döwrebap ýol-ulag ulgamy, has oňaýly şertleri döretmek babatda inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlarynyň tutuş toplumy döredilýär we olaryň çägini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň uly toplumy geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde ägirt uly binagärlik toplumlary, edara binalary, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary, iň kämil, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen iri önümçilik kärhanalary gurulýar. Olar häzirki taryhy eýýamyň döredijilik ruhunyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ýurdumyzda öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň görnüşleri gurluşyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça importyň ornuny tutýan kuwwatlyklary döretmek, eksport ugurly harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär.

Şeýle-de halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna hem möhüm orun berilýär. Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap elektrik stansiýalary gurlup, olaryň öndüriji kuwwatlyklary artdyrylýar. Döwletimiziň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna uly itergi bermek bilen, ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň depginli ösüşini nazara almak bilen, täze kuwwatly energetika ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça giň möçberli taslamalar hem üstünlikli amala aşyrylýar. Geljekde şeýle iri taslamalar milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmakda we döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Umuman, bu ugurlarda gazanylan üstünlikler, belent sepgitler eziz Türkmenistan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň subutnamasydyr. 

 

Akmuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.