Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦ ✦ Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy ✦ ✦ Gözlegçiler bakteriýalary 120 nanometr giňişlikde görmegi başardylar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary” atly döredijilik sergisi geçirildi
  06.12.2023
130
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary” atly döredijilik sergisi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny has-da ýüze çykarmak maksady bilen zehinli talyplardan düzülen “Gujurly ýaşlar” toparynyň sergisi eýýäm birnäçe ýyl bäri yzygiderli bellenip geçilýär. Bu ýyl hem “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary” atly talyplaryň we akademiýanyň uçurymlarynyň döredijilik işleriniň sergisi baý many-mazmuna eýe boldy. Bu serginiň geçen ýylkydan tapawutly tarapy geljek ýyl bellenip geçiljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllylygy mynasybetli döredilen eserleri hem öz içine almagydyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda gurnalan döredijilik sergisi şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredilen ajaýyp eserlere baý bolup, esasan, binagärlik we dizaýn fakultetiniň talyplarynyň taslamalary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

 

Dünýä taryhynda binagärlik sungaty boýunça uly yz galdyrmagy başaran türkmen binagärligi häzirki wagtda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Şeýle ösüşlerden ruhlanýan talyp ýaşlar hem döwrebap we milli binagärlik sungatynyň utgaşygyny dürli maksatlar üçin niýetlenen bina taslamalarynda görkezmegi başarypdyrlar. Elbetde, dünýä sungatynyň we tehnologiýasynyň gazananlary bilen aýakdaş gitmek döwrüň talaby. Şu maksatdan ugur alyp talyplar paýtagtymyz we ýurdumyzyň dürli künjekleri üçin niýetlenen desgalaryň, hatda daşary ýurtlarda gurulmagy teklip edip boljak desga taslamalaryny düzmegi başarypdyrlar. Taslamalar, esasan, Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän binalaryň dürli görnüşlerinden ybarat bolup, olardan talyplar Orazmuhammet Sähetýazowyň “Magtymguly mukamy adyndaky muzeýi”, Selbi Gylyjowanyň “Magtymguly adyndaky şäherçe”, Rahman Annadurdyýewiň “Magtymguly adyndaky älem-ylmy muzeýi”, Dursunjemal Hojamuhammedowanyň “Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy muzeýi”, Güljemal Öwezowanyň “Magtymguly adyndaky milli muzeý” ýaly taslamalarynda biri-birinden binalaryň taslama çözgüdi we daşky keşbi boýunça tapawutlanyp, döwrebap we milli binagärlik sungatynyň sintezini aýdyň şöhlelendirýär. Talyplaryň şeýle oýlanyşykly we çylşyrymly gurluşly ajaýyp taslamalary işläp sergilemegi, kompýuter programmalaryna erk edip bilmekleri akademiýanyň mugallymlarynyň çekýän zähmetiniň ýerine gowuşmasydyr.

 

 

Binagärlik we dizaýn fakultetiniň dizaýn kafedrasynyň talyplarynyň işleri hem sergide özüniň köp öwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Eserlerde bagtyýar döwrümiz wasp edilip, Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň gözellikleri, şeýle hem Magtymguly Pyraga bagyşlanan dürli temalar beýan edilýär.

 

Talyplar Bahar Rejepowanyň “Magtymguly – sungata siňen akyldar” taslamasynda, Gülälek Rozymuradowanyň, Akbegenç Gurbanowanyň, Sähra Pirjanowanyň bilelikde döreden “Magtymguly” triptih taslamasynda beýik akyldaryň keşbini bagtyýar durmuşymyz bilen baglanyşdyryp şekillendirýärler. Talyplaryň bu taslamalary binanyň interýerini bezäp biljek ajaýyp eserler bolmak bilen öz döredijilik gözlegleriniň kämil nusgalarydyr. Seýran Beşerowyň “Arkadag şäheri”, Kemal Jumaýewiň, Gözel Kakalyýewanyň, Isgender Ýaraşowyň bilelikde döreden “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” işinde bolsa ýurdumyzyň ilkinji akylly şäheriniň şekilleri, onuň gözel binalary taslamada ýerleşdirip, döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagynda döredilipdir.

 

 

Talyplaryň döredijilik gözleriniň şeýle sergilerde görkezilmegi, olaryň bir ýylyň dowamynda çeken zähmetine ýokary baha berilmegi ýaşlaryň döredijilikleriniň has-da baýlaşmagyna täsir edýär we olara berilýän hünär derejesiniň ýokarydygyny subut edýär. Döredijilik sergide baý mazmunly eserleriň jemlenmegi türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmeginde we döwrebap kämilleşmeginde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň öz miwesini berýändigini aýdyň görkezýär.

 

Bagtygül Hojageldiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.