logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Sport /«Arkadag» futbol topary 28 duşuşykda 100 goly tora saldy
  14.04.2024
657
«Arkadag» futbol topary 28 duşuşykda 100 goly tora saldy

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary şu baharda bir ýaşady. Mundan göni bir ýyl ozal aprel aýynda ilkinji resmi duşuşygyny geçiren täze topar gysga wagtyň içinde üstünliklerden üstünliklere ýol aşdy. Ýurdumyzda geçen ýylyň futbol möwsümi «Arkadag» toparynyň goşa baýraga — çempionlygyna we Kuboga eýe bolmagyna beslendi. 


 

Milli çempionatymyzyň mart aýynda badalga berlen täze möwsüminiň ýakynda geçirilen 5-nji tapgyrynyň duşuşygynda bolsa «Arkadag» futbol topary çempionatdaky 100-nji pökgüsini geçirip, ýene bir ajaýyp üstünligi gazanmagy başardy. Täze üstünligiň has täsin tarapy bolsa toparyň 100 goly bary-ýogy 28 duşuşyga ýerleşdirmegidir. Munuň özi toparyň futbolçylarynyň her duşuşykda 3,5 gezekden hem kän tapawutlanandygyny görkezýär.


 

Aslynda, häzirki wagtda toparyň hasabynda milli çempionatymyzda 100 däl-de, 103 gol bar. «Arkadag» futbol topary 5-nji tapgyrda paýtagtymyzyň adybir toparyny 8:1 hasabynda ýeňdi. Ine, şol duşuşykdaky bäşinji gol toparyň milli çempionatymyzdaky 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy.

 

Myrat MAKSADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.