logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Änew şäherinde “Ýaşlar we ösüş” atly maslahat geçirildi
  05.08.2023
813
Änew şäherinde “Ýaşlar we ösüş” atly maslahat geçirildi

Änew şäherinde ýerleşýän “Gujurly” bilim merkeziniň şahamçasynda “Ýaşlar we ösüş” atly pedagogika maslahaty geçirildi.

Çagalar we ýetginjekler barada geçirilen “Ýaşlar we ösüş” atly maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary Kakageldi Akmyradow, Akmuhammet Babekow, Allamyrat Gapurow, Rahymberdi Gyzylow, Hojamyrat Baýlyýew şeýle hem Daňatar Batyrgulyýew çykyş etdiler.

Maslahatyň diňleýjileri “Gujurly” bilim merkeziniň okuwçylary, ýokary okuw mekdep talyplary we halypa mugallymlar boldy.

Diňleýjiler bilen çykyş edilen temalar boýunça we häzirki döwrüň ýaşlaryny gyzyklandyrýan soraglar boýunça özara pikir alyşmalar we sowal-jogaplar edildi. Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de “Gujurly bilim merkeziniň” ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçirildi. Çykyş eden meýletinçilere ýörite sowgatlar gowşuryldy.