Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦ ✦ Stomatologiýada ulanylýan enjamlaryň fiziki häsiýetleri ✦ ✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Änew şäherinde Magtymguly Pyraga we ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
  29.08.2023
286
Änew şäherinde Magtymguly Pyraga we ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Magtymguly Pyragy — belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary — nesihatyň teşnesi» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada «Ahal durmuşy» gazetinde habar berilýär.

 


Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmeginiň şanyna geçirilen dabaraly maslahaty welaýat häkimligi, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Medeniýet müdirligi bilelikde gurady.

 


Ahal welaýatynyň ähli ýerinden gelen ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir işjeň agzalary, ilki bilen, medeni ojagyň baýramçylyk öwüşginli eýwanynda guralan baý many-mazmunly sergä aýlanyp gördüler. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryna, Magtymguly Pyragynyň eserlerine we akyldar şahyrymyza bagyşlanan gollanmalara, şeýle-de milli amaly-haşam sungatymyzyň gymmatlyklaryna aýratyn ornuň berilmegi sergä bolan gyzyklanmany artdyrdy.

 


Ýaşlar mejlisler jaýynda ýaýbaňlandyrylan maslahatyň işine işjeň gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda beýik akyldar şahyrymyza bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny okamagynyň ajaýyp duýgulary peşgeş berendigini buýsanç bilen bellediler. 

 


Ýaşlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bilen bagly gürrüňe aýratyn ünsi çekdiler. Olaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, ÝUNESKO bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmekde we işjeňleşdirmekde ähmiýetlidir.