logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Alymlar şokoladyň maşk etmäge peýdalaryny subut etdiler
  13.04.2024
2511
Alymlar şokoladyň maşk etmäge peýdalaryny subut etdiler

Angliýaly gözlegçiler şokoladyň orta ýaşly adamlara has netijeli maşk etmegine kömek edýändigini anykladylar. Görnüşi ýaly, önüme girýän flawonoidler gan aýlanyşyny gowulaşdyrýar we türgenleşigi aňsatlaşdyrýar. 

 

Iňlis alymlary flawonoidleriň 40 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky sagdyn adamlardaky täsirini barladylar. Gözleg 5 hepdäniň dowamynda geçirildi. Gatnaşanlar ilki bilen hünärmenlere iň ýokary potensialyny we kislorod sarp etmegiň iň ýokary derejesini kesgitlemek üçin duran ýerinde aýlanýan welosipetlerde güýçli maşk etdiler. 

 

Birnäçe wagtdan soň mowzuklar iki topara bölündi. Birinjisine maşkdan öň her gün flawonoidleri (400 mg) öz içine alýan kakao berildi, ikinjisine platsebo berildi. Gatnaşanlar maşk edip başlanda, hünärmenler zerur wagty bellediler. Türgenleşikden ozal kakao içen meýletinçileriň içmedikler bilen deňeşdirilende aratapawudynyň barlygyny anykladylar. 

 

Şeýle-de bolsa, gözlegçiler flawonoidler arkaly fiziki işjeňligiň netijeliligini ýokarlandyrmak isleýänleriň şokoladdan aşa köp peýdalanmaly däldigine göz ýetirdiler. Şeýle hem alymlar iň amatly möçberiň 1,5 nahar çemçesi kakao bilen içgi taýýarlamakdygyny bellediler. 

 

Mähri ORAZOWA,

 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby.