Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Altyndepe - gadymy medeniýet merkezi
  27.10.2020
1321
Altyndepe - gadymy medeniýet merkezi

      Türkmenistanda bürünç eýýamy b.e. öňki III-II müňýyllyklary öz içine alýar. Bürünç daşdan ýasalan zähmet gurallaryny gysyp çykarýar. Magdan gözlegleri, demir bilen işläp bejerme, çig mal hem taýýar önüm çalşygy öz gerimini giňeldýär. Jemgyýetde patriarhat (atalyk urugy) gatnaşyklary ornaşdyrylýar, ýokary tire-taýpa birleşmeleri emele gelip ugraýar. Şeýdip, ilkinji şäherler döreýär.

       Kaka etrabyndaky Mäne we Çäçe obalarynyň arasynda ýerleşen Altyndepe ýadygärligi iň gadymy şäherleriň biriniň yzy bolupdyr. Onuň meýdany 46 gektara barabar bolupdyr. Bu ýerde ybadathana, ýaşaýyş jaýlary, goranyş desgalary bolupdyr. Hünärmentçilik we senetçilik gowy ýaýbaňlandyrylypdyr. Gadymy altyndepeliler bürünji eredip, gyzgynka ondan zat ýasamagyň usulyna belet bolupdyrlar. Munuň özi täze iş gurallarynyň peýda bolmagyna, ekerançylygyň öz gerimini giňeltmegine täsir edipdir. Zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy bilen ilkidurmuş-obşina gatnaşyklary pese gaçyp ugraýar, hususy eýeçilik döreýär. Muňa Altyndepeden tapylan demirden, gymmat bahaly daşlardan, şirmaýydan ýasalan şahsy möhürler hem şaýatlyk edýär. Ýaşaýjylaryň öýlerinden köp sanly aýal heýkelleri tapyldy. Olar gadymy adamlaryň çokunan predmetleri bolup, bol-elinligi, abadançylygy alamatlandyrypdyr. Heýkellerde bir ýa-da birnäçe bellik bar. Bular ýazuwyň dörändigine şaýatlyk edýär diýen ylmy çaklama bar.

Altyndepeden 1972-nji ýylda sap altyndan ýasalan öküz we möjek kelleleri tapyldy. (Altyndepe ady şondan galan) Olar öküziň Aý hudaýyny alamatlandyran ýeri bolan Mesopotamiýa bilen Altyndepäniň medeni aragatnaşykda bolandygyny tassyklaýar. Gadymy şäherde 5000-e golaý adam ýaşapdyr. Ortaça ömür 23 ýyla barabar bolupdyr. Çaga ölüminiň derejesi ýokary bolupdyr. Şäherliler söwda hem hünärmentçilik, çet gyradaky ýaşaýjylar bolsa ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Jemgyýetçilik jaýlary ýaşaýyş jaýlaryndan üzňe bolupdyr. Olaryň arasynda dar ýodajyklar çekilipdir. Ýük ulaglary üçin geçelgeler bolupdyr. Şäheriň gorag desgasy hökmünde ulanylýan ýörite derwezeleri bolupdyr. Barly şäherlileriň öýleri has giň bolupdyr. Olaryň hojalyk jaýlarynyň umumy meýdany 27 inedördül metre barabar bolupdyr. Altyndepeden ybadathana tapyldy. Ol dini toplum şäheriň möhüm bölegini emele getiripdir. Ilatyň ösmegi bilen suwuň ulanylyşynda deňagramsyzlyk ýüze çykypdyr, ýeri zerur dökünler bilen üpjün etmezden ekerançylyga güýçli depginiň berilmegi topragy arrykladypdyr. Adamlar suwly hem hasylly topraklaryň gözleginde göçüp-gonup başlapdyr. Gadymy ekerançylyk merkezi bolan Altyndepäniň pese gaçmagynyň sebäbini, ine, şeýle düşündirmek mümkin. Onuň ilaty kem-kemden suwy hanasyna sygman akýan Murgabyň boýlaryna, günorta göçýär. Derýanyň aşak akymlarynda oturymly ekerançylaryň täze kentleri-Margiana döreýär.