logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Akbugdaý etrabynda mugallymlaryň arasynda kitap okamak bäsleşigi geçirildi
  03.10.2023
1278
Akbugdaý etrabynda mugallymlaryň arasynda kitap okamak bäsleşigi geçirildi

Ahal welaýatynyň höwesjeň bilim işgärleriniň arasynda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Bu gezekki bäsleşikde Akbugdaý etrabynyň orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda, ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynda zähmet çekýän mugallymlar gatnaşdy.

Kitapsöýüjiler bäsleşigi Ahal welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi, TMÝG MG-niň Maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti, hem-de “Gujurly bilim merkeziniň” ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilekde guramaçylygynda alnyp baryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” we “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaplaryndan  mugallymlar üçin gollanma bölümlerinden, şeýle-de “Dünýä edebibaty” žurnalynda çykan mugallymlar üçin peýdaly saýalama daşary ýurt eserlerinden geçirilen “Golden bookmark” atly kitap okamak bäsleşiginde jemi 9 sany mugallym baýrakly orna mynasyp boldy.

Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň mugallymy Bägül Allamyradowa birinji orun eýeledi we naýbaşy baýraga eýe boldy. Ak bugdaý etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Bägül Berdiýewa 2-nji orna, etrabyň 46-njy orta mekdebiniň mugallymy Mährijemal Çopanowa bolsa 3-nji orna mynasyp boldy.

Etrabyň 45-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulsuraý Täçmämmedowa, 1-nji orta mekdebiň mugallymy Aýgözel Anadowa, 16-njy orta mekdebiň mugallymy Bibitäç Karajaýewa, 27-nji orta mekdebiň mugallymlary Ogulnabat Hojaşowa, Şirin Agaýewa, Aýgül Meretgulyýewa, 28-nji orta mekdebiň mugallymy Baýramgül Annaberdiýewa bäsleşikde öňe saýlandylar we höweslendiriji baýraklaryň eýesi boldular. 

Ýeňijilere "Gujurly bilim merkezi" hojalyk jemgyýeti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar berildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaş nesli giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky yzygiderli berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we ýaşlarda kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirildi.