logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Economics /«Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär
  16.03.2026
406
«Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär

Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 24–25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly XXV köpugurly halkara sergini we maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň güni mynasybetli her ýyl geçirilýän bu halkara çäre Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüş ýolunyň möhüm wakalarynyň biri bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň dowamlylygynyň aýdyň beýanydyr.

 

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň döwrebap ösüşini üpjün etmek, häzirki zaman şäher düzümini kämilleşdirmek hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna sanly we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şol bir wagtda halkara ölçeglerine laýyk gelýän amatly, döwrebap we ekologiýa taýdan durnukly şäher gurşawyny döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

 

Şu nukdaýnazardan, «Ak şäherim Aşgabat» halkara sergisiniň we maslahatynyň geçirilmegi paýtagtymyzyň binagärlik taýdan ösüşini täze derejä çykarmaga, innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmaga hem-de durnukly şäher ösüşiniň häzirki zaman ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen giň möçberli işleriň möhüm bölegidir. 2026-njy ýylda geçiriljek çäre «Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş» diýen şygar bilen guralyp, häzirki zaman şäherleriniň ösüşinde möhüm orny eýeleýän binagärlik kämilliginiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de ekologiýa taýdan jogapkärli çemeleşmeleriň sazlaşygyny alamatlandyrýar.

 

Mundan başga-da, halkara sergi we maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň, halkara guramalarynyň hem-de şäher gurluşygy boýunça hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder. Çäräniň dowamynda öňdebaryjy şähergurluşyk tejribeleri, täze tehnologiýalar hem-de şäher infrastrukturasyny ösdürmegiň innowasion çözgütleri boýunça pikir alyşmalar geçirilip, täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň açylmagyna itergi berer.

 

Zebo JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.