Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Ak bugdaýyň Watanydyr diýarym”
  11.06.2022
1261
“Ak bugdaýyň Watanydyr diýarym”

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen gadam urýar. Mähriban Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenip, milli we ruhy gymmatlyklarymyz täze öwüşginlerde dabaralanýar. Halkymyzyň gadymy däp-dessurlary bilen birlikde, ata-babalarymyzdan  miras galan gadymy ekerançylyk sungaty hem  gaýtadan dikeldilýär. Hut şonuň bilen birlikde-de, ýurdumyzda oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de ony girdeýjili pudaga öwürmek boýunça öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri öndürijilikli zähmet çekýärler. Oba zähmetkeşleriniň ýere egsilmez söýgüsi, yhlas-aladasy netijesinde halkymyzyň gadymy daýhançylyk däbi gaýtadan gülläp ösýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalarynyň döredilmegi hem bellärliklidir. Şonuň ýaly-da, pudaklaýyn özgertmeler önüm öndürijilere ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, bereketli türkmen topragyndan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen dürli önümleri öndürmäge hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilik döretdi. Döwletimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde ýurdumyzyň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, döküniň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde türkmen ýaýlalaryndan ak bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär. Türkmenistan - gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy bolup, bu gün bereketli topragymyza yhlasly garamagyň däpleri täze mazmuna eýe bolýar. Daýhanlara deňi-taýy bolmadyk ýeňillikler berilýär, pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri okgunly dowam edýär, täze tehnologiýalar we ylmy işler işjeň ornaşdyrylýar, olar ata-babalarymyzyň ýerleri netijeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesi bilen bilelikde, oba hojalygyny batly depginler bilen ösdürmegiň mäkäm binýadyna öwrülýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň  berilmegi, türkmen obasyny has-da ösdürmek üçin kuwwatly ykdysady binýadyň üpjün edilmegi pudakda öndürilýän önümleriň möçberiniň ýokarlanmagynyň girewi bolup durýar. Eziz Diýarymyzyň edermen daýhanlary Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine buýsanýarlar hem-de özlerine döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çünki işlemäge, ýaşamaga we döretmäge ähli şertler döredilen eziz Diýarymyzda durmuş has-da gözelleşip, ýaşaýyş gülleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasatynda-da il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ençeme işleri, beýik başlangyçlary amala aşyrmak bilen, giň halkara jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýa eýe bolýar hem-de halkymyzyň sarpasyny, Watanymyzyň şan-şöhratyny täze belentliklere göterýär. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp, şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Köpetdag hasyly” daýhan hojalygynyň çäginde ýerleşýän Annageldi Annaýewe degişli bolan “Üzümli toprak” daýhan hojalygynyň 50 ga. bugdaý meýdanynda Ahal welaýaty boýunça galla oragyna ak pata bermek dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde edermen babadaýhanlarymyza döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, altyn däne bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hem-de 2022-nji ýylyň galla oragy möwsüminiň başlamagy mynasybetli geçirilen bu dabara örän guramaçylykly ýagdaýda geçdi. Dabaranyň geçirilen ýerinde çörek we çörek önümleriniň, piläniň, suw hojalygyna degişli sergileriň, oba hojalyk ekinlerinde ulanylýan dökünleriň we dermanlaryň, tohumlaryň dürli görnüşleriniň, dürli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň, awtoulaglaryň sergileriniň gurnalmagy dabara aýratyn bir öwüşgin berdi. Bu günki geçirilen galla oragyna ak pata bermek dabarasyna welaýatymyzyň bagtyýar raýatlary, ýaşuly nesliň wekilleri uly höwes bilen gatnaşdylar. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Bu bolsa elbetde biziň edermen babadaýhanlarymyzyň işe bolan höweslerininiň artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär.