logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Ak altynym” – ak bagtym
  04.10.2021
696
Ak altynym” – ak bagtym

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň pagta ýygymy Tejen etrabynda hem barha giň gerime eýe bolýar. Bu ugurda öňünden ykjam taýýarlyk görlüp, harmanhanalaryň, gapanlaryň we dürli görnüşli tehnikalaryň möwsümde bökdençsiz işlemegi üpjün edildi. Şu günlerde Tejen etrabynyň “Ak altynly” atyzlarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Oba hojalygyndaky häzirki jogapkärli möwsümi gysga wagtda, bökdençsiz alyp barmakda ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanylýar. Tejenli daýhanlarymyzyň ýyl boýy çeken zähmeti netijesinde ýetişdirilen hasylyň her hanasynyň gymmatlydygyna çalt oňat düşünýän oba zähmetkeşleri hem pagta ýygymynda yhlasly işleýärler.

“Ak altynly” atyzlarda päk zähmet joş alýar. Gündelik ýygylýan gymmatly baýlygyň möçberi barha artýar, “ak altyndan” belent harmanlar döredilýär. Pagta ýygyjy kombaýynlary sürmek bolsa adatdakylar ýaly tejribeli mehanizatorlara ynanyldy. Ekerançylyk meýdanlaryndan pagta kabul ediş merkezlerine gymmatly çyg maly-ak altyny daşajak awtoulaglaryň sürüjileri bilen usuly okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle hem pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki-hyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ussat ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.

Pagta ýygymynyň ilkinji günlerinden etrap boýunça tejribeli,  başarjaň daýhanlaryň ençemesi şertnamalaýyn tabşyryklaryny berjaý edip başladylar.