logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Ak altyn hasyly
  01.08.2022
828
Ak altyn hasyly

    Günsaýyn gülläp ösýän, Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary ýokary depginler bilen ösýär we ynamly öňe barýar. 
Ýurdumyzda halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekip, çeken zähmetiniň hözürini görüp ýaşamaklary üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilip berilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bilelikde oba-hojalyk ulgamyny ösdürmekde hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk ulgamynda daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri üçin olar oba hojalyk tehnikalary, dürli dökünler bilen üpjin edilýär. 
Ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlarynyň ýylyň başyndan bäri ene topraga yhlas bilen hyzmat edip, çekýän päk zähmetleri ýerine düşýär. Gowaça meýdanlarynda “ak altyn” hasyly kemala getirilýär. Bereketli ýetişdirilen “ak altyn” baýlygyny bir kemsiz ýetişdirmeklik ugrunda gowaça hasylyna ideg etmek işleri gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar.    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri hem-de ýerden bol hasyl alyp döwletimiziň oba hojalyk ulgamynyň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin zerur şertleriň ählisi döredilýär. Ajaýyp zamanada ýaşaýan ezber babadaýhanlar özleri üçin döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize özleriniň alkyşly sözlerini aýtýarlar.