logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Ak altyn” hasyly
  06.11.2021
789
“Ak altyn” hasyly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary ýokary depginler bilen ösýär we ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekip, çeken zähmetiniň hözürini görüp ýaşamaklary üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilip berilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bilelikde oba-hojalyk ulgamyny ösdürmekde hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.

        Ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlarynyň ýylyň başyndan bäri ene topraga yhlas bilen hyzmat edip, çeken päk zähmetleri ýerine düşüp, “ak altynyň” boldumly hasyly kemala getirildi. Bereketli ýetişdirilen “ak altyn” baýlygyny gysga wagtda, çalt depginde, zaýasyz ýygnap döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

        Pagta ýygymynyň dowam edýän möwsüminde Babadaýhan etrabynyň pagtaçy daýhanlary hem gowaça hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnamakda irginsiz zähmet çekýärler. Şu ýylda Babadaýhan etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 53 müň 400 tonna pagta hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.

Pagtaçy daýhanlaryň netijeli zähmet çekmeklerini gazanmak we olaryň armasyny ýetirmek maksady bilen etrabyň daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde pagtaçy daýhanlaryň we kombanýçylaryň arasynda etrap jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda medeni-dynç alyş we höweslendiriş çäreleri hem alnyp barylýar.