Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ähli zadyň sakasy-saglyk
  18.09.2021
399
Ähli zadyň sakasy-saglyk

Sagdyn durmuşyň binýadyny berkden tutan pederlerimiz «Ähli zadyň sakasy-saglyk» diýen öwütnesihatyň many-mazmunynda saglygyň ynsan üçin eşretli ýaşaýşyň egsilmez çeşmesidigini, onda nowjuwanlygyň, maksada okgunlylygyň, gaýduwsylygyň we döwletliligiň jemlenýändigini ündäpdirler. Parasatly ata-babalarymyz adamlaryň duşuşanda, ilki bilen, saglyk ýagdaýyny soraşmagy, birek-birege arzuw edende we hoşlaşanda saglyk-sagamanlyk dileg etmegi ýüzýyllyklaryň dowamynda kemala getiren ahlak ýörelgelerine ornaşdyrypdyrlar.

Halkymyzyň baý sagdyn durmuş tejribeleriniň jemgyýetimize ornaşdyrylmagyna giň ýollary açýan hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy gazanylan üstünlikleri berkidip, ýurdumyzyň sagdyn geljege batly gadam basmagyny üpjün edýär. Berkarar Watanymyzda saglyk ynsanyň möhüm zerurlyklarynyň hem-de aýrylmaz hukuklarynyň esasylary hasaplanýar. Bagtyýar raýatlarymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasatynyň düýp özenini düzýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan we badalga berilýän ähli taslamalarda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň saglygy hakyndaky aladalar öňdäki hatara çykarylýar. Eziz Diýarymyzda gurlup, işe girizilýän sagaldyş merkezleri, sport toplumlary we seýilgähler halkymyzyň saglygyny berkitmäge hyzmat edýär.

Müň derdiň dermany jemlenýän şypahanalarda anyklaýyş-bejeriş işleri ýylyň ähli paslynda alnyp barylýar. Täze saglygy goraýyş edaralary öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary, ýokary takykly sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Lukmançylyk ylmyna hem-de lukmançylyk iş tejribesine keselleri anyklamagyň, näsaglary bejermegiň, saglygy dikeltmegiň täze usullary ornaşdyrylýar. Milli saglygy goraýyş ulgamynda ilata edilýän lukmançylyk kömeginiň hili ýokarlandyrylýar.

Milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-ylmy binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, lukmançylyk kasamyna wepaly işgärleriniň zähmet, durmuş taýdan goldanylmagyna aýratyn üns berilýär. Lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, derman senagatynyň ösdürilmegi we göwnejaý dynç almak üçin ýokary amatlyklaryň döredilmegi halkymyzyň durmuş hal ýagdaýynyň gowulanmagyny şertlendirýär. Ýurdumyz boýunça keselçiligi azaltmaga, ilatymyzyň ömür dowamlylygyny artdyrmaga, her bir şahsyýetiň zehin döredijiliginiň, zähmet işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Düýpli özgerişleri nazarlaýan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen wezipeler milli maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilatyň saglygyny goramak döwletiň köp jähtli işi bolmak bilen, diňe bir keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça çäreleriň geçirilmegini däl, eýsem, ilkinji nobatda, ilatyň durmuş goragyny, sagdyn durmuşy ornaşdyrmagy, sportuň köpçülikleýin häsiýetini, ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagyny hem öz içine alýandygy barada bellenilýär.

Arkadag Prezidentimiziň ýiti paý-hasyndan dörän saglyk we sagdynlyk ähmiýetli «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk sagdynlykdan başlanýar», «Türkmenistan-melhemler mekany», «Çaý-melhem hem ylham» atly eserleri, ylmy garaýyşlar jemlenýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitaplary sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýolgörkezijisidir, gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan milli lukmançylyk mirasynyň dowamydyr. Ynsan saglygyny goramak ugrunda amala aşyrylýan bimöçber işler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler we bu ugurda öňde goýlan toplumlaýyn wezipeler Türkmenistanyň halkara giňişligindäki at-abraýyny has-da belende göterýär.

Hemişelik Bitarap döwletimiz Bütin- dünýä saglygy goraýyş guramasynyň halkara saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen işlerine öz goşandyny goşup, dünýä jemgyýetçiliginiň uly ynamyna mynasyp boldy. Türkmenistan 2011-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Temmäkä gözegçilik etmek boýunça çarçuwaly konwensiýasyna goşuldy, 2012-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş Assambleýasynyň Ženewada geçirilen 65-nji maslahatynyň Baş komitetiniň agzalygyna saýlandy. 2013-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ministrler maslahatynda Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Bu abraýly Gurama bilen ygtybarly hyzmatdaşlygyň netijesinde hem-de onuň halkara kadalary esasynda ýurdumyzda köp ýaýraýan keselleriň düýpgöter kemelmegi, milli aýratynlyklara laýyklykda sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala getirilmegi, nahar duzunyň ýod, unuň düzüminiň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylmagy ýola goýuldy. Sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň we düzgünleriniň işlenip taýýarlanylmagy we onuň jemgyýetimizde wagyz edilmegi, iýmitiň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik edilmegi gazanyldy. 2015-nji ýylda döwlet Baştutanymyza Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bu abraýly guramanyň ýadygärlik medalyny we Minnetdarlyk şahadatnamasyny gowşurmagy saglygy goraýyş ulgamynyň netijelidigini hem-de lukmançylygyň milli ýörelgesiniň kemala gelendigini aýdyň görkezdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýylyň 7-nji apreliniň Bütindünýä saglyk güni hökmünde bellenilip geçilmegi ynsan saglygyna dünýä jemgyýetçiliginde aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Bu şanly sene Türkmenistanda hem ählihalk ruhubelentligi, şatlyk-joşgunlygy bilen garşylandy. Halkara saglyk baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin dabaralar sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly adamlary özünde jemläp, tutuş ýurdumyzy gurşap aldy.

Öz halkynyň saglygy we abadançylygy ugrunda uly alada edýän milli Liderimiziň göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkarar edilmegine mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin borçdur. Çünki ynsan saglygy bagtyýar durmuşymyzyň, nurly geljegimiziň nyşanydyr, tutuş ýurdumyzyň, bütin adamzadyň deňsiz-taýsyz baýlygydyr.