logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ahally telekeçiden owadan öýmeler
  28.06.2022
2042
Ahally telekeçiden owadan öýmeler

Taryhdan häzirki güne çenli türkmen öz milliligi bilen dünýäni haýrana goýup gelýär. Türkmen halylary, gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslary, başlaryna daňynýan öýmeleridir çabytlarynyň aňyrsynda, sungat bilen birlikde, uly taryh ýatyr. Gelin-gyzlaryň ýaraşygy bolan owadan öýmeleriň önümçiligi ýurdumyzda giň gerim alýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Öwezdurdy Annameredowa degişli bolan kärhanada öýmeleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Hususy kärhanada onlarça işgär zähmet çekýär. Öýmeleriň hoz gülli, saýlan gülli, kädi gülli, ýürek gülli, gurçuk gülli görnüşleri gyz-gelinleriň arasynda geçginli hasaplanylýar.
 — Häzirki wagtda biziň esasy maksadymyz milli egin-eşiklerimizi, esasan hem ene-mamalarymyzdan bize miras galan nepis öýmelerimizi has-da ýokary derejelere çykaryp, kämilleşdirip, gözel gelin-gyzlarymyza olary hödürlemek bolup durýar. Türkmen gelin-gyzlarymyza milli lybaslary, owadan öýmeleri ýokary hilde hödürlemek bilen, biz öz işimizden lezzet alýarys we hemişe-de kämilleşmegiň gözleginde bolýarys — diýip, telekeçi gürrüň berdi.

Gülşat GURBANOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki I derejeli kitaphanaçysy.