logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Ahally daýhanlar 135 müň gektarda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler
  08.09.2022
828
Ahally daýhanlar 135 müň gektarda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler

Gadymy Ahal ýaýlasynyň pagtaçy daýhanlary 135 müň gektarda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirip, ýygym möwsümine ýokary taýýarlykly geldiler.

 

 

Düýn ýagny 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişilmeginiň öňüsyrasynda asylly däbe eýerilip, Änew şäherindäki Medeniýet öýünde oba hojalyk işgärleriniň we dili senaly ýaşulularyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda welaýatyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen pagtany ýitgisiz ýygnamak, kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşamak we talabalaýyk kabul etmek, hasyly ýangyndan goramak, pagta ýygyjy kombaýnlaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek ýaly gaýragoýulmasyz wezipeler dogrusynda gürrüň edildi. Maslahatda oba hojalyk işgärleri öňde duran jogapkärli möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça özara pikir-tejribe alyşdylar.

 

 

Soňra maslahata gatnaşyjylar Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygynyň golaýyndaky toý meýdançasyna bardylar. Baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançada sungat ussatlarynyň şirin mukamly çykyşlaryna giň orun berildi. Ýaşulular ýagşy arzuwlar bilen, patrak kimin açylan ak hanaly atyzlara girip, pagta ýygymyna toý ruhubelentliginde badalga berdiler. Bu çäre Tejen etrabyndaky «Altyn asyr» pagta arassalaýjy kärhanasynda «Ak kerwen» dabarasy bilen dowam etdi.

 

 

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl ahally pagtaçylar «ak altynyň» 280 müň tonnasyny taýýarlap, Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Möwsümde welaýat boýunça kuwwatly kombaýnlaryň 363-sini bökdençsiz işletmek göz öňünde tutulýar. Hasyly pagta arassalaýjy kärhanalara daşamakda dürli kysymly ulaglaryň jemi 2 müňe golaýy ulanylar. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň 8-si, pagta kabul ediji harmanhanalaryň 19-sy daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasyly degişli talaplara laýyklykda kabul eder.