logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Science and Education /Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi
  08.01.2026
352
Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri durmuşa geçirmek, hünärli, innowasion, giň düşünjeli we watansöýüjilik häsiýetli nesli kemala getirmek, şeýle hem okuw-terbiýeçilik işinde häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 5–7-nji ýanwary aralygynda pedagogik işgärleriň etrap usuly-amaly okuw işleri geçirildi. 8-nji ýanwarda bolsa etrap maslahatlary “Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr” diýen şygar bilen geçirildi.

 

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, mekdepden daşary bilim edaralarynyň bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaklaryna, hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açyldy, ähli zerur şertler döredildi.

 

Usuly-amaly okuwlarda öz kärine ussat, tejribeli, okuw- terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän Ahal welaýatynyň Baş bilim müdirligine degişli bolan hünärmenleriniň, etrap bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli boldy.

 

Usuly-amaly maslahatyň öňisyrasynda şeýle-de döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik işgärleriň iş tejribesi boýunça sergiler gurnaldy.

 

Usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), bilim ulgamyna degişli kabul edilen Konsepsiýalara, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşyldy.

 

Aýnur ORAZGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.