logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ahal welaýatynda pagta ýygymy möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülýär
  25.07.2022
944
Ahal welaýatynda pagta ýygymy möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Ýurdumyzyň Ahal welaýtynda ýetip gelýän pagta ýygymy möwsümine häzirden ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Welaýatyň oba-hojalyk pudagynda degişli edaralarynda pagta ýygyjy kombaýnlar doly gözden geçirilýär hem-de zerur ýagdaýynda abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýulýar.

Bu işler welaýatyň Gökdepe, Ak bugdaý we Sarahs etraplarynda hasda göwnejaý alnyp barylýar. Agzalan etraplarda pagta kabul ediş nokatlaryny, şol sanda harmanhanalary hem möwsüme taýýarlamakda öwgä mynasyp işler bitirilýär. Tehnikalary pagta ýygymyna taýýarlamak işleriniň hili we derejesi ýörite hünärmenler tarapyndan üns merkezinde saklanýar.