logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ahal welaýatynda hereket edýän kitaphanalaryň kitap gaznalary täze neşirler bilen baýlaşdyryldy
  11.08.2023
798
Ahal welaýatynda hereket edýän kitaphanalaryň kitap gaznalary täze neşirler bilen baýlaşdyryldy

Ahal welaýat, etrap merkezi kitaphanalarynyň we kitaphana şahamçalarynyň kitap gaznalarynyň üsti täze neşirler bilen ýetirildi. Köpçülikleýin gelip gowşan täze neşirleriň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eseriniň 15-nji tomunyň, «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 15-nji goýberilişiniň, şeýle-de «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň bolmagy has-da guwandyrýar.

 

Kitaphana işgärleridir okyjylary döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryň hem täze neşirlerini sowgat aldylar. Okyjylarda uly gyzyklanma döredýän şeýle ajaýyp, gymmatly neşirler bitewi elektron kitaphana ulgamynyň elektron katalogyna ýüklenilmegi ildeşlerimize sanly ulgam arkaly maglumat almaga giň mümkinçilik döredýär.