logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Ahal welaýatynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm taryhy wakalary we ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  11.08.2023
784
Ahal welaýatynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm taryhy wakalary we ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm taryhy wakalary we ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini ildeşlerimize düşündirmek maksat edinildi.

 

Ahal welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi, Sarahs etrap häkimligi we etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi bilen baglylykda, oňa häzirden görülýän taýýarlyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edilen Kararlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine badalga boldy. Degişli çözgütlere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeli senesi, ýeri kesgitlendi, ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi.