logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Science and Education /Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi
  30.12.2025
545
Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň tokaý we seýil bag hojalygy kafedrasynyň mugallymy Gülälek Allakulyýewa Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada geçirilen okuw saparyna gatnaşdy. Ol Skolkowo ylym we tehnologiýa instituty bilen Aleksandr Mihaýlowiç Gorçakow adyndaky Jemgyýetçilik diplomatiýasyna goldaw gaznasynyň bilelikde guramagynda geçirilen agrobiotehnologiýa boýunça okuw maksatnamasynyň diňleýjisi boldy.

 

Bu okuwlaryň esasy maksady agrobiotehnologiýanyň agrosenagat ulgamynyň ösüşindäki ähmiýetini artdyrmak, şeýle hem biotehnologiýa boýunça döwrebap bilimleri özleşdirmekden ybarat boldy. Okuw sapary hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde, ylmy işlerde tejribe alyşmakda we täze garaýyşlary edinmekde ýokary netijeliligi bilen tapawutlandy.

 

Şeýle okuw saparlary «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle-de ýokary hünär bilimi we ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.

 

Begenç BABAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.