Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ UNIDO-nyň Global senagat sammiti öz işine başlady ✦ ✦ Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy ✦ ✦ Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Saud Arabystan Patyşalygynda okuw saparynda boldular ✦ ✦ Bitaraplyk – daşary syýasaty alyp barmagyň esasy guraly ✦ ✦ «Balkan» köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň sergisi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ýola goýulýar ✦ ✦ Sanly ykdysadyýet innowasiýalary durmuşa geçirmegiň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Abu-Seýit Mänebaba aramgähi
  19.05.2021
963
Abu-Seýit Mänebaba aramgähi

      Ýurdumyzda saklanyp galan ýadygärlikleriň arasynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýyndaky Abu-Seýit aramgähi özüniň taryhy-binagärçilik ähmiýeti boýunça möhüm orna eýedir. Onuň ady halk arasynda Mänebaba diýip hem tutulýar.

        Günorta Türkmenistanyň binagärçiligini düýpli öwrenen alym, akademik G.A.Pugaçenkowa Demirgazyk Horasanyň aramgähleriniň gurluşygyny deňeşdirmek esasynda Abu-Seýidiň aramgähiniň XI asyrda gurlandygyny subut etdi  Abu-Seýit aramgähi orta asyr Mäne şäherinde XI asyrda kuwwatly Seljuk döwletiniň emele gelýän we berkeýän döwründe, Horasanyň ykdysady taýdan gülläp ösýän wagtynda gurlupdyr. Aramgäh taryhy şahs hökmünde meşhur bolan şyh Abu-Seýit ibn Abul-Haýryň guburynyň üstünde bina edilipdir.

        Ýaşlyk ýyllarynda oňat bilim alyp, Abu-Seýit öz ömrüni dini taglymaty öwrenmäge bagyşlapdyr we musulmançylygyň dini akymlarynydan biri bolan hem-de şol wagtlarda Horasanda giňden ýaýran sufizmiň uly şahsyýetlerinden biri bolupdyr. Abu-Seýit Demirgazyk Horasanyň syýasy we ruhy durmuşynda möhüm orun tutupdyr. Onuň abraýy gaty belent bolupdyr, hatda Seljuk döwletini esaslandyryjylar bolan Çagry beg we Togrul beg hem “hökümdarlyga pata bermegi” üçin onuň ýanyna gelipdirler. Meşhur döwlet işgärleri Seljuk soltanlary Il-Arslanyň we Mälikşanyň baş weziri Nyzam-al-Mülk hem onuň ýanyna tagzym etmäge gelip gider eken. Abu-Seýit ýogalandan soň, musulman ruhanylary onuň guburynyň töwreginde dini desgalaryň toplumyny döredipdirler, şol guburyň üstünde bolsa, giň meşhurlyk gazanan gümmez peýda bolupdyr.

        Abu-Seýidiň aramgähi inedördül görnüşli esasy jaýdan ybarat bolup, onuň öň tarapynda ýagny günorta-günbatara bakdyrylan peştagy ýerleşipdir. Güberçek edilip gurulan jaýyň iki gat gümmezi bolupdyr, XIV asyrda aramgähde düýpli abatlaýyş-rejeleýiş işleri geçirilýär, şonda onuň binagärçilik-çeperçilik görnüşi ep-esli üýtgedilipdir. Aramgähiň girelge-peştagy dürli reňkdäki syrçaly nagyşlar bilen bezelipdir nagyşlar geometriki, epigrafiki we ösümlik görnüşinde bolup, ýaşyl, gök, ak, mawy reňkli syrçalar bilen ýokary derejede bezelipdir. Has ownuk bezegleriň sary reňki bolupdyr. Peştagyň ýazgylary mawy düşegiň ýüzüne ak harplar bilen bilen arap hatynda ýazylypdyr. Aramgähiň diwarlarynyň içki ýüzi hem, ýerden gümmeziň ýokarsyna çenli ýaşyl gyzyl, käbir halatda bolsa solgun gök reňk bilen ýazylan ýazgylardan doldurylypdyr. Bu ajaýyp taryhy ýadygärlik Döwlet tarapynda goralyp, zyýaratçylaryň köp akymyny özüne çekýän syýahatçylyk merkezleriniň biridir.