Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere
  13.06.2023
482
Abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere

Berkararlyk nury bilen hümmetlenýän türkmen mekanynda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda durmuşa geçirilýän asylly başlangyçlar milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, ata Watanymyzy abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere tarap öňe ilerletmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan Diýarymyzyň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, daýhanlaryň zähmetini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň häzirki döwürde oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek boýunça oňyn netijeler gazanylýar. Döwletimiz ýetişdirilýän azyklyk oba hojalyk önümleriniň artykmaç mukdaryny eksport etmek mümkinçiligine eýe. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzümlerini döretmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu bolsa sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary yzygiderli işe girizilýär hem-de olaryň ot-iým bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, dünýäniň belli kompaniýalaryndan dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalary hem-de gurallary yzygiderli satyn alynýar, munuň özi işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine uly ýardam edýär. Ýokary öndürijilikli, dünýä ölçeglerine gabat gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň sanynyň we görnüşleriniň artmagy, işleriň hiliniň gowulandyrylmagy ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bol hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Oba ýaşaýjylarynyň maddy-abadançylyk derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Durmuş derejesi we hili babatynda obada döredilýän şertler şäherdäki şertlere barha golaýlaşýar. Bularyň ählisi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Ogultäç GURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.