Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş suratkeşleriň sergileri yzygider geçirilip dur. Şol sergileriň biri hem 2023-nji ýylyň 10-njy noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda açylan “40 ädim” atly şahsy döredijilik sergisidir. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýewiň şahsy eserleri sergilenildi. Öz eserlerinde Aşgabadyň, obanyň gözelligini, asmanymyzyň asuda, parahatlygyny, psihiki oýlanmalaryny ýüze çykarýan natýurmort, peýzaž we haşam taslama eserlerini görkezdi. A.Modyýew öz işlerini abstrakt, kubizm we puantilizm usullarynda ýerine ýetirip, bägülleriň owadanlygyny, sada geometriki şekilleriň üsti bilen özüniň dünýä bolan garaýşyny natýurmortlaryň, tebigatyň mysalynda, göçme madyna düşündirmek isledi.
Ynsanyň ruhy döredijiliginiň şeýle bir gudratly meýdany bar. Ol “gözellik kanunlaryna” görä döredýär. Gözellik belli bir manyda ömrüň şypasy. Her bir zatdan ruhy lezzet almaklygyň özi hem kalbyňy baýadyp, içki häsiýetiňi terbiýeläp bilýäň. Estetika durmuşyň jana şypa beriji alamatlaryna ulaşyp, ömür sürmegiň belent senedini has inçeden ele almaga ymtylýar. Ýaş suratkeşiň “Kapitel”, “Şapak”, “Çyrmaşyk gül”, “Kubik-rubik”, “Ak bägül”, “Sazlaşyk”, “Säher bägüli”, “Dikenli bägül”, “Miras”, “Gülli küýze”, “Sogan güli”, “Durmuş”, “Natýurmort”, “Üzümçilik”, “Garaçaý”, “Änew”, “Güýz” ýaly tebigatyň bir bölegini ýa-da pursadyny janlandyrmak bilen adamlaryň we tebigatyň ösüşini, olaryň biri-birleri bilen örän bitewi bir akym hökmünde garalýar. Suratkeşiň ýönekeý zatlardan many çykarmagy bilen tomaşaça sadadan gyzgyny bilen düşünje beresi gelýär. Sebäbi tebigatam hil-hil bolýar. Edil şonuň ýaly her bir geografik ýeriň öz gaýtalanmajak keşbi, görki bolýar. Kiçilikden bir ýerde önüp-ösüp, tebigatyna uýgunlaşyp, şol esasda gözellik duýgularyny kämil edýärler. Şol duýgular bolsa özleriniň Watanyna bolan söýgüsini wasp etmäge itergi berýär. Aýdalyň A.Modyýewiň “Säher bägüli” atly ajaýyp eseri tomaşaçyda täsir galdyrýar. Sebäp diýsek, aňymyzda ornaşan säheriň daň şemaly ýüzümizi sypap, gök otlar ownujak gyrawlar bilen ýapylýar. Eserde synlaýşyňyz ýaly tebigatyň bu häsiýetini sowuk gök, ýaşyl, ohra we ak reňkleriň üsti bilen göz ýetirersiňiz. Bu bägüller edil ynsanlar ýaly göýä şu günki doguljak günüň hem gowy, şatlykly geçjekdigine ynanmak manysynda başlaryny dogumlylyk bilen galdyrýarlar. Diýmek adamyň özüniň hem tebigata bolan garaýşy bar. Ony duýmaly, gowy görmeli, her zadyň öz medeniýeti bar. Bu ýerden biz tebigatda bize we biziň hereketlerimize meňzeş bir zat bar diýen netijäni çykaryp bileris.
Göýä ýaňky bägüller günüň astyndan jyklaýan ýaly zehinli suratkeş A.Modyýewiň “Şapak” atly eserindäki gülleriniň ýaňaklaryny gyzardyşyp durlar. Bu eserlere edil güller toplumynyň belli bir möwsümi hökmünde synlamak bolýar. Gün gyzaryp, ýer bilen bagryny birikdiren wagty diýseň üýtgeşik ýyly reňkler peýda bolýar. Biz günüň batyş çagyna şam diýýäris. Öňki ene-mamalarymyz “Şamda (gün ýaşýan wagty) arzuw, dileg etseňiz maksadyňyza ýetersiňiz” diýip, jaýdar bellärdiler. Eserdäki gyzyl, al gyzyl, goňur, mawy, sary reňkler türkmen topragynyň bereketli, mähirli halklygynyň nyşany hökmünde düşündirilýär. Ýaşaýyşyň dowam edip, ýene täze geljegiň ösüşler ýolunda rowaçlanýanlygyny “Şapak” atly eseriň merkezinde gunçalap duran bägüli synlamak bolýar. Gün gyzaryp, ýiti şöhlesi bilen bägüllere täze jan berýär, olaryň ýagty-kölegeleri hem ýerlikli görkezilýär. Eseriň aşakky zolagynda toprakdan gaýdýan çybykdyr, ýapraklaryň tertibi görkezilýär. Synlaýşyňyz ýaly ikinji zolakda, merkezi bölekde dürli reňkdäki açylan bägüller şekillendirilýär. Eseriň ýokarky bölegi bolsa, günüň ýaşyp, aýyň nurundan ýagtylyk alýan mawy güller janlandyrylýar. Göräýmäge gündeki görýän tebigatymyz kendiriň ýüzüne geçirilen ýaly, ýöne onuň gözelligini ynsanlaryň duýgularynda oýarmak suratkeşiň meselesi bolup durýar.
Elmydama sadalygyň güýji ýiti bolýandyr. Hakykatda käbir ynsanlaryň keşbini zer bilen ýa-da zor bilen owadanlajak bolmaly däl. Ýöne suratkeşlik sungatynda islendik zadyň gözelliginiň barlygyny subut etmeli bolýar. Şol sanda suratkeş A.Modyýew “Sazlaşyk” atly güller eserinde göräýmäge hälki görkezilen bakjaň bägülleri ýaly. Ýöne bu gezekki gülleri kosmogoniki (geometriki) şekilleriň üçburçlugyň, dörtburçlygyň sudurynda görkezýär. Her bir şekili ýitileşdiren halatymyzda şular ýaly reňk sazlaşygy we sada formalardan belli bir temany açyp görkezmek bolýar. Ekologiýa bilen gatnaşykda bolup, olara ýüzlenip, geňeşseň, saňa tapman kösenýän zadyňy salgy berýär. Soňra döredijiligiň mazmunyna aralaşýaň. Eseriň näçe şireli bolsa, şonça-da tomaşaçynyň aňyna datly bolýar. Suratkeş hökmünde hyýalyňdaky meýilleri döredip, halka ýetirip bilmegi başarmaly.
Ýa bolmasa suratkeşiň “Kapitel” atly eserinde ekologiýany, binagärlik çözgüdini, adamlaryň kalbyny gözkezmäge çalyşýar. Göçme manyda alsak, natýurmorduň stoly ýer tekizligi bolsun, kapitel bolsa adamlaryň ýaşaýyş jaýy, görkezilýän dürli şekilli jisimler bolsa adamlaryň dürli häsiýetdäki keşbini bersin. Şol sanda güýz paslynyň çigrek güni ýagyş ýagyp, howany arassalaýar. Ýeri aýna ýaly eden suw duran kub görnüşindaki ynsanyň şöhlesi görkezilýär. Ýagny dörtburçlygyň sudury gaýtalanýar. Psiholoklaryň pikiriçe her şekil adamlaryň häsiýetini berýär diýip belleýär. Kub (dörtburçlyk) görnüşini saýlan adamlar zähmetsöýer, sabyrly we çydamly bolýar. Olaryň “çep ýarymşar” pikir edijilerine degişli bolup, olar maglumatlary degişli yzygiderlilikde gaýtadan işleýärler. Prizma görnüşini saýlan adamlar liderligi halaýan ynsanlar. Olar güýçli şahsyýetler bolup, olar öňündäki goýan maksatlara hökman ýetýärler. Gönüburçlygy saýlan adamlaryň häsiýeti durmuşyň dürli taraplaryny, işiň täze usullaryny gözleýärler. Suratkeşiň şaryň şekilini şekillendirmesi bolsa, bu sazlaşygyň şekilidir. Tegelek (togolok şekil) “sag ýarymşar” pikir edijilerine degişli bolup, duýgur we duýguçyldyrlar. Olar üçin esasy zat asudalyk.
Ýaş suratkeş A.Modyýew “Çyrmaşyk gül” eserinde tebigatyň sary reňkli güllerini geometrik şekilleriň üsti bilen barlap görýär. Bu eser hem şowly çykan. Eseriň ýerligi sepiýa tehnikasynda bolup, sary bägülleri öňe çykarýar. Ýüzi nurly, kalby açyk adamlar edil açyk kitaba deňelýär. Sary bägülleriň yzyndaky tekjelere ýerleşdirilen geometriki şekiller bolsa aşakky we ýokarky gatlaga bölünen. Umuman alanyňda suratkeş “Kubik-rubik”, “Ak bägül”, “Gülli küýze”, “Durmuş”, “Dikenli bägül” ýaly bägüller toplumyndan düzülen eserler tebigatyň syrlaryny, adamlaryň ugurtapyjylygyny, olaryň ýaşaýyşlaryny gülleriň we ýönekeý şekiljikleriň üsti bilen düşündirýär. Islendik zatdan estetiki duýgyny açmaklyk, gözellik duýgylarynyň alamatlaryny tapmaklykdyr. Megerem tomaşaçy şu eserleriň üsti bilen özüne gerekli gysgaça estetiki tagam alandyr diýip umyt edýärin.
Bahar Magtymowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.