logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Saglyk /30-njy maý - Bütindünýä demgysma we allergiýa garşy göreşmek güni
  30.05.2022
1521
30-njy maý - Bütindünýä demgysma we allergiýa garşy göreşmek güni

Häzirki döwürde adamlaryň saglygy birnäçe sebäplere we ekologiýanyň hapalanmagyna baglylykda barha gowşaýar. Dünýäniň köp ýaşaýjylary allergiýa we demgysma kesellerine sezewar bolýarlar. Statistiki maglumatlara görä, ilatyň 40 %-i bu kesellere duçar bolup, birnäçe bejergileri alýarlar. Dünýä jemgyýeti bu keselleriň öňüni almak maksady bilen, her ýylyň 30-njy maýynda Bütindünýä demgysma we allergiýa garşy göreş gününi belleýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy häzirki zaman kesellerine garşy göreş çärelerini alyp barmalydygyny, emma diňe täsir edýän we barlagdan geçen bejergileri almalydygyny belleýärler. Mysal üçin, zyýanly endiklerden, ýagny temmäki we antibiotik serişdelerden daşda durmagy hem-de, dogry iýmitlenmegi ýola goýmagy maslahat berýärler. Lukmanlar we alymlar bu baýramçylyk güni kesgitli düzgünleri we hünärmenleriň görkezmelerini berjaý etmek bilen, demgysma we allergiýa kesellerinden hemişelik gutulyp boljakdygy barada çykyş edýärler.

Merjen BALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.