logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /27-nji martda Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri gowaça ekişine girişerler
  24.03.2024
648
27-nji martda Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri gowaça ekişine girişerler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň zähmetsöýer pagtaçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän hemaýat-goldawlaryndan, ýeňilliklerinden ruhlanyp, täze hasylyň düýbüni tutmak işini yhlas bilen dowam etdirýärler.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 15-nji martynda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna görä, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 20-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 27-nji martda bu möhüm çärä başlarlar.

 

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen il sylagly ýaşulularymyz “Bismilla!” diýip, topraga bereket tohumuny sepdiler. “Ýylymyz bereketli bolsun, rowaçlyklara beslensin!” diýen dilegler bilen gowaça ekiji tehnikalar herekete girizildi. «Ýolöten — 7», «S-2606», «Ýolöten — 39», inçe süýümli «Ýolöten — 14», «Ýolöten — 52», «Ýolöten — 53», «Aşgabat — 140» we «Jeýhun» ýaly görnüşleri ekildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerinde agzalan görnüşlerden ýokary hasyl alyp bolýandygyny geçen ýyllaryň tejribesi görkezdi.

 

Goý, halkymyzyň bolelin, asuda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin alada edýän, Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Mähri ORAZMUHAMMEDOWA,

 

Aşgabat şäherindäki 

agrosenagat orta hünär 

okuw mekdebiniň mugallymy.