Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /1,1 million tonna ýokary hilli sement öndürildi
  02.03.2023
869
1,1 million tonna ýokary hilli sement öndürildi

«Lebap» sement zawody hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Kärhananyň önümçiliginde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň öndürilmegine ýardam berýär.

Kärhanada häzirki wagtda gurluşykda örän uly islege eýe bolýan sementiň önümçiligi kämil derejede ýola goýuldy. Bu ýerde 2022-nji ýylyň dowamynda 1,1 million tonna ýokary hilli sement öndürildi. Munuň özi öňňilkiden 109 müň tonna çemesi sementiň artyk öndürilendigini aňladýar. Öndürilýän sementiň ýurdumyzyň çar künjünde alnyp barylýan gurluşyklara ugradylýandygyny, şol sanda daşary döwletlere-de eksport edilýändigini göz öňünde tutsaň, döwrebap kärhananyň önümlerine islegiň has uludygyny arkaýyn aýdyp bolýar.

Ulanylýan esasy çig mal serişdeleriň ählisi hem özümizde gazylyp alynýar. Häzirki wagtda demir jöwher we bazalt ýaly sementiň berkligini hem-de beýleki hil sypatlaryny ýokarlandyrýan çig mallaryň hem ählisi öz tebigy baýlyklarymyza degişlidir. Bu bolsa şu ýerde öndürilýän portlandsementiň М400 we М500 hem-de duza çydamly М400 ýaly görnüşlerine islegiň artmagyny üpjün edýär.

Belläp geçsek, kärhana sebitde alnyp barylýan gurluşyklaryň bökdelmezligi üçin hem berk daýanç bolup hyzmat edýär. Zawodyň ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sementi öndürmäge barabardyr. 

 

Gurban BEGALYÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.