logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Žurnalist, fotosuratçy we nakgaş Wladimir Mihaýlowiç Komarow aradan çykdy
  31.01.2023
1316
Žurnalist, fotosuratçy we nakgaş Wladimir Mihaýlowiç Komarow aradan çykdy

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti fotosuratçy we nakgaş Wladimir Mihaýlowiç Komarow 78 ýaşynda aradan çykdy. 

Wladimir Mihaýlowiç Komarow barada aýdyp geçsek: 

Wladimir Komarow türkmen žurnalistikasyna önjeýli goşant goşan adamlaryň biridir. Wladimir Komarow öz döwürdeşleri ýaly uçarman bolmak arzuwy bilen mekdebi tamamlapdyr. Ata-enesi Aşgabat ýer titremesinde wepat bolansoň oglanjygy babasy bilen mamasy ekläp-saklapdyr.

Wladimir Komarow mekdebi tamamlandan soň Riganyň radiotehnikleri taýýarlaýan raýat awiasiýasynyň ýörite gulluklary uçilişşesine okuwa giripdir. Okuwy tamamlanlarynda olara Uzak Demirgazyga, Sibire, Uzak Gündogara gitmäge mümkinçilik berilipdir. Ol Aşgabada gaýdyp gelip, bu ýerde raýat awiasiýasy müdirliginde tehnik bolup işe başlapdyr.

Wladimir Komarow heniz okaýan wagtlary şygyrýete göwün beripdir. Woznesenskiniň. Roždestwenskiniň, Ahmadullinanyň, Dementýewiň goşgylaryndan ruhlanyp, ilkinji goşgylaryny ýazyp ugradyr. Ol uçilişşäni tamamlandan bir ýyl soň Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň agşamky bölümine okuwa girip, fotografiýa bilenem gyzyklanyp ugradyr.

Ol «Воздушная трасса» gazetine işe çagyrylyp, şol ýerde işläp başlaýar. 1974-nji ýylda Wladimir Mihaýlowiçe «Вечерний Ашхабад» gazetiniň senagat bölüminiň habarçysy bolmagy teklip edenlerinde ol muňa razy bolupdy, çünki hünär taýdan ösmegi üçin oňa täze mümkinçiikler açylýardy. Güýjüňi başga bir zatda synamak, özgerişlerden çekinmezlik, öwrenmek we kynçylyklary ýeňip geçmek – Wladimir Komarowyň durmuş ýörelgesine öwrülipdi.

Onuň surata düşüren manzarlary dürli neşirleriň baş sahabyny bezedi we makalalaryň özboluşly bezegini ýetirdi. Wladimir Komarow Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy, şeýle hem ekologiýa fotosuratlar bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy.