logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň suwlary näme üçin garyşmaýarlar?
  14.04.2022
1759
Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň suwlary näme üçin garyşmaýarlar?

Umman suwlarynyň bu hadysasynyň sebäbi ýakynda ýüze çykaryldy. Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň garyşmaýan dürli suw düzümleri bar. IA"Express täzelikler"-iň žurnalistleri bu hadysanyň sebäbini anykladylar. Iki ummanyň araçägi iki dürli dünýäniň aragatnaşygydyr. Ummanlaryň arasynda garyşmaga mümkinçilik bermeýän diwar dörändigini duýmak bolýar. Alymlar suwuň seljermesiniň netijesinde himiki düzüminiň, duzuň we beýleki parametrleriň arasyndaky tapawudyň ýüze çykandygyny bellediler. Suwuň reňki hem tapawudy görkezmäge ukyplydyr. Bir suwuň beýlekisinden has agyrdygyny göz öňünde tutup, serhet dik bolmalydyr. Ýagny, bir umman beýlekisinden beýik bolmaly. Emma bu birnäçe sebäplere görä bolup bilmeýär. Dykyzlygynyň tapawudy ujypsyz, şonuň üçin hem derejelerde peselme ýokdur. Şeýle hem, akymyň ugrunyň tapawudy sebäpli inersialNgüýçler suwlaryň garyşmagyna ýol bermeýärler. Mundan başga-da, suwlar molekulalaryň baglanyşygynyň güýji bilen tapawutlanýarlar. Ummanlarda bu görkeziji gaty göze ilýär, şonuň üçin hem umman suwlary garyşmaýarlar.

Ogultäç GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy