logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Ýürege peýdaly önümler
  26.11.2020
1683
Ýürege peýdaly önümler

     Ýaşyňa garamazdan, ýüregiň sagdynlygyny goramak wajypdyr. Ýüregiň sagdynlygyny üpjün etmegiň iň peýdaly usullarynyň biri gündelik iýmitlere üns bermekdir. Ýürege peýdaly önümleriň ýene bir gowy tarapy bolsa, olaryň tagamly we köp dürli bolmagydyr. Hem ýürege peýdaly hem-de tagamly önümler şulardyr:

Şugundyr. Bu gök önümiň düzüminde birnäçe witaminler we minerallar bar. Munuň içine ýürege peýdaly kaliý we berhiz nitraty girýär. Şugundyrdan gelýän nitrat gan damarlaryny giňeldýär. Damarlaryň giňemegi bolsa, ýürekdäki stresi aradan aýyrýar we gan basyşyny kadalaşdyrýar. Şugundyry şire görnüşinde içip ýa-da bişirip iýip bilersiňiz.

Turşy ülje. Adaty süýji üljä garanyňda turşy üljeler köplenç guradylan, doňdurylan ýa-da sykylan görnüşde iýmit zynjyryna girýär. Üljäniň bu görnüşi infeksiýa garşy göreşmäge ukyplydyr. 2019-njy ýylda geçirilen ylmy-barlaga görä, turşy üljäniň şiresini yzygiderli içmek gandaky holesterine gowy täsir edýär. Dürli görnüşli miwe kokteýllerinde doňdurylan üljeleri, guradylan üljeleri iýip bilersiňiz.

Pisse. Bu iýmiş görnüşiniň düzümindäki ýaglaryň 90 göterimi adamyň saglygyna peýdaly bolup, hersinde azyndan 3 gram peýdaly süýüm bar. Pisseleriň ýeke özi hem iýilip bilner, şeýle hem dürli görnüşli tagamlar bilen utgaşdyrylyp bilner.

Noýba. Iýmitlilik kuwwaty babatynda baý düzümi bolan noýba ýürege peýdaly iýmitleriň biridir. Noýbanyň düzüminde gan öýjükleriniň köpelmegi üçin wajyp bolan B witamini, gan basyşyny kadalaşdyrmaga peýdaly bolan magneziýa we antioksidantlar bar. Noýbanyň düzümindäki süýümler gandaky şekeriň derejesini we holesterini sazlamaga ýardam berýär.

Balyk. Hepdede bir gezek balyk iýmek köp maslahat berilýär. Yzygiderli gerekli bolan balyk ýagyny kabul etmek ýürek keselleriniň öňüni alýar. Balygy islendik görnüşde bişirip bilersiňiz. Sardinýa, lasos ýa-da tunes balyklary «omega 3» ýagyna baýdyr. Konserwa gaplanan balyklarda hem belli bir derejede «omega 3» ýagy bardyr.

Ýeralma. Ýeralmanyň düzümindäki kaliý bananyň düzümindäki kaliýden has ýokarydyr. Şeýle hem ýeralmada antioksidant (öýjüklere zyýan berýän täsinlenmelere garşy göreşýär) hökmünde çykyş edýän C witamini bardyr.