logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ýurdumyzda gowaça ekişine taýýarlyk işleri geçirilýär
  13.02.2024
694
Ýurdumyzda gowaça ekişine taýýarlyk işleri geçirilýär

Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ekin meýdanlarynda gowaça ekişine taýýarlyk işleri ähli taraplaýyn görülýär. “Pähim paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatynda hem gowaça ekişini bellenilen wagtynda geçirilip, bol hasyl almaklyk meýilleşdirilýär.

 

 

Daşoguz welaýatynda köp wagtlardan bäri ösdürilip ýetişdirilip gelinýän gowaça sortlaryna «Daşoguz-120», «Daşoguz-114» «149-F», «F-47-27», «Daşoguz — 127» ýaly sortlar degişli. Umumy Türkmenistanda çalt ýetişýändigi, hasyllylygy we süýmüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan gowaça sortlarynyň 13 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Gowaçanyň tohumynyň hiliniň gowlanmagy kärendeçilere gektara ekilýän gowaçanyň artykmaç ekilmegine ýol berilmezligine, gyradeň, doly bahaly gögeriş almaga şertleri döretdi. Bu bolsa pudagyň netijeliligini ýokarlandyrýar. 

 

 

Welaýat oba hojalyk birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ekişe taýýarlyk üçin ähli tehniki enjamlar we tehnikalar abatlaýyş işleri geçirilýär. Kuwwatly tehnikalaryň hatarynda «Monosem», «Gaspardo», «Cansa» takyk gowaça ekijilerden giňden peýdalanylar.

 

 

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem dişli boronalaryň we malalaryň 7 müň 200-den gowragy, azallaryň 510-a ýakyny işe taýýar edilipdir. 

 

 

Amala aşyrylýan işler gowaça ekilişiniň bellenilen möhletde we ýokary hilli bolmagyna mümkinçilik döreder.

 

Aganyýaz Melläýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
oba hojalyk mehanizmleşdirmek hünäriniň
1-nji ýyl talyby.