Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ýüpekçiligiň esasy daýanjy
  26.11.2021
457
Ýüpekçiligiň esasy daýanjy

Ýüpekçilik gadymdan bäri ýöredilýän önümçilikdir. Ýüpek gurçuklaryny idetmegiň esasynda dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan ýüpek öndürilýär. Ýüpekden alynýan önümlere bolsa diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem isleg örän ýokarydyr. Biziň welaýatlarymyzyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda hem ýokary hilli ýüpek matalaryň we ýaglyklarynyň onlarça görnüşlerini öndürilýär, ýüpek halylary dokalýar.

Senagat kärhanalaryny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek, umuman, ýüpekçiligi ösdürmek üçin iň möhüm işleriniň biri-de tutçulygy ösdürmekdir. Sebäbi ýüpek gurçugynyň ýeke-täk iýmiti tut ýapragydyr. Piläniň bol hasylyny we hilini üpjün etmek bolsa ýüpek gurçuklaryna berilýän tut ýapraklaryna köp derejede baglydyr. Welaýatymyzyň çäginde ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin tut daragtlarynyň üsti her ýylda ýetirilip durulýar. Tuduň aýratyn-da, ýokary hilli ýaprakly görnüşleriniň köpeldilmegine üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda tut agaçlarynyň tutýan meýdany onlarça müň gektardan geçýär.

Tut agajyny nahalyndan hem tohumyndan hem ýetişdirip bolýar. Toprak gyzyp başlanda, maý aýynyň başlarynda tut tohumyny keşlere ekmek maslahat berilýär. Tohum 0,5-1 santimetre çenli çuňlukda ekilse, oňat gögeriş berýär. Tut agajynyň tohumy örän ownuk bolup, onuň bir gramynda 650-700 sany tohum bolýar. Nahalyny ekeniňde, kökleriniň uçlaryny ýiti bag gaýçysy bilen kesmeli. Kökleriniň çüýrän, guran, zaýalanan ýerlerini gyýtagrak kesip aýyrmak gerek. Tut nahallaryny bahar we güýz aýlarynda oturtmak maslahat berilýär. Nahallary ýazyna heniz tutlar pyntyklamanka, güýzüne bolsa tut agaçlarynyň ýapraklary dökülenden soň oturtmak agrotehniki kadalara laýyk gelýär. Tut nahallaryny ýaplarynyň, ýollaryň ýakalaryna, ekin meýdanlarynyň gyralaryna uzyn hatar edip ekýärler. Tut nahallary giň hatarlarda oturdylanda, olaryň arasynda gowaça ýa-da beýleki oba hojalyk ekinlerini-de ekmek bolýar. Ammiak selitrasy, superfosfat ýaly mineral dökünler ýa-da ders tut agaçlarynyň göwnejaý ösmeklerine ýardam berýär. Tut agaçlaryna iki ýyldan bir gezek dökün bermek ýeterlikdir.

Tut agaçlary tebigatyň bezegidir. Olaryň goýry kölegesi tomusda jana şypalydyr. Baharda bolsa ýapraklary ýüpek gurçuklary üçin iýmit gory bolup hyzmat edýär.