logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ysmanak
  30.07.2022
1589
Ysmanak

     Ysmanak ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň arasynda iň köp duş gelýänleriniň biridir. Bu ýaprak görnüşli ter gök oty 10 sany iň peýdaly azyk önümleriniň hataryna girýär. Bakja ekinlerine degişli bolan ysmanagyň bir ýyllyk we iki ýyllyk görnüşleri bar bolup, onuň boýy 25-30 sm aralygynda bolup, bu ot dünýäniň ahli halklarynyň aşhanasynda giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzyň tebigy şertlerinde ýetişdirilýän ysmanak, tohumy arkaly hem köpeldilýär. Dürli minerallara baý bolansoň, irki döwürlerden bäri iýmit hem-de halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar. Ýabany ysmanak ýaz paslynda dag eteklerinde tebigy ýagdaýda gögerýär. Ysmanagyň düzüminde A, C, D, K ýaly witaminleriň 20-niň, turşuja, limon, alma turşulyklarynyň bardygy anyklanyldy. Onuň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, demir, mis, sink, ýod, kaliý, kalsiý, fosfor ýaly mikrolementleriň, mineral duzlaryň köp mukdary saklanylýar. 
      Ysmanak irki wagtlardan bäri azyk we dermanlyk maksatlary üçin ulanylyp gelinýän ösümlikleriň biridir. Ysmanagyň dermanlyk häsiýetleri Abu Aly Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly eserinde giňden beýan edilýär. Ol bu ösümligiň şiresini içgeçmäniň garşysyna ulanypdyr. Derman hökmünde ganazlygyň we witamin ýetmezçiliginiň garşysyna peýdalanylýar. Ysmanak ýaz paslynyň tebigy nygmatlarynyň biridir. Türkmen topragy şeýle nygmatlara diýseň baýdyr.