Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ýoga barada
  13.02.2023
1642
Ýoga barada

Häzirki durmuşynda ýoga uly ähmiýet berilýär. Ýoga Hindistandan bize gelen gadymy ruhy tejribedir. Adamyň tutuş barlygyna täsir edýän ýoga sekiz ädimden: ahlak ýörelgelerini berjaý etmekden, beden bilen işlemekden, dem almakdan, psihikany we aňy dolandyrmak üçin has inçe usullardan ybaratdyr.

«Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýilýär. Ýoga maşklary hem şeýle ýagdaýy gazanmakda örän peýdaly bolup, adamyň ruhy dünýäsine rahatlyk, parasatlylyk, sabyr-takatlylyk çaýýar. Ol beýniniň dynç almagyna, oý-pikirleriň bir bitewi yzygiderlilikde bolmagyna ýardam edýär.

Ýoga, esasan, beden bilen işlemek diýmekdir. Onda bedeni berkitmäge we rahatlandyrmaga, fiziki sazlaşygy gazanmaga gönükdirilen maşklar toplumy jemlenendir. Ýoga çydap bolmaýan zady nädip bejermelidigini we bejerip bolmaýan zatlara nädip çydam etmelidigini öwredýär. Mundan başga-da onuň peýdalary sanardan kän. Ol saglygy ýokarlandyrmaga, arka we boý agyrylaryny azaltmaga, agramy kadaly ýagdaýa getirmäge, keýpiňi gowulaşdyrmaga, nerw damarlaryňy gowşatmaga, bedeniň çydamlylygyny we immuniteti ýokarlandyrmaga, ukyňy kadaly almaga ýardam edýär. Ýoga bilen meşgullanýan adam bagt we rahatlyk duýgusyny başdan geçirýär.

Ýoganyň düzümine girýän maşklaryň aýratynlygy: olar özüniň hereketsiz häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýoga bilen meşgullanýan adam öz göwresini belli bir şekile getirýär-de, uzak wagtlap gymyldysyz oturýar. Şeýle ýagdaýda türgenleşýän adam ýa-da türgen «dogry» dem almak arkaly öz synalaryny sagdynlaşdyrýar. Demiňi endigan, howlukman almak gerek. Ýoga maşklary adamdan ýaramaz endiklerden doly arany açmagy, gündelik iýmitinde etli tagamlary ep-esli çäklendirmegi talap edýär. Şol bir wagtyň özünde beden synalarynyň arassa, tämiz saklanmagy ýoganyň öňe sürýän esasy talaplarynyň biridir. Maşklaryň yzygiderli hem-de dogry ýerine ýetirilmegi bedende kömürturşy we kislorod gazlarynyň özara gatnaşygyny sazlaşdyrmaga ýardam edýär. Şeýle sazlaşyk nerw ulgamynyň we beýniniň işini kadalaşdyrýar. Işjeňligi ýokarlanýan nerw ulgamy adama beden synalarynyň ýagdaýyny has ünsli «diňlemäge, eşitmäge» mümkinçilik berýär. Ony saglyga «zarba urýan» dartgynlylygyň (stresiň) ýaramaz täsirinden goraýar. Islendik kynçylykly ýagdaýdan baş alyp çykmaga kömek edýär.

Ýoganyň taryhy gadymy döwürlere degişlidir. Indus jülgesinde hindi siwilizasiýanyň miladydan öňki 3300 — 1700-nji ýyllar aralygyna degişli tapylan arheologik tapyndylar, birnäçe möhür meditasiýa ýoga hereketini ýatladýan şekilleri görkezýär. Şeýle-de bu arheologik tapyndylar gadymy ýoganyň Harrapan siwilizasiýasynyň ilatynyň däp-dessurlaryndan biri bolandygyny aýdýar. Ýoga ylym bilen meşgullanýan adamlara has zerurdyr. Ol gözleg, synag, ýalňyşlyk we gözegçilik arkaly kem-kemden kämilleşmäge, ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Şol sebäpli hem ýoga gadymy akyldarlar tarapyndan döredilipdir. Ýoga gadymy durmuş sungatyny, öz-özüňi ösdürmek ylmyny, daş-töweregiňe asuda garaýyş pelsepesini ele almaga ýardam edýär. Onuň bilen meşgullanýan her bir şahsyýet öz-özüne ynanmazlyk ýaly şübhelerini doly aradan aýyrýar. 

 

Ogulbossan GURTGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.