logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Culture /“Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi
  07.12.2025
440
“Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak​ ýylyna” hem-de ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreler ýurdumyzda giňden dowam edýär. Bu uly şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwlet derejesindäki medeni çäreler guralyp, ýurdumyzyň döredijilik ulgamynda hem ýokary ruhubelentlik duýulýar.

 

Türkmenistanyň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde alnyp barylýan işler netijesinde, ýaşlaryň aýdym-saz bilimi ýylyň-ýylyna ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda döredijilik ugry boýunça täze mümkinçilikler açylyp, ýurdumyzyň sazçylyk mekdeplerinde hem-de ýokary okuw jaýlarynda zehinli ýaşlara giň ýol açylýar.

 

Şu günler geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyplaryndan düzülen birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly konserti Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda geçirildi.

 

Dabaranyň başynda türkmen kompozitory Röwşen Nepesowyň “Bitaraplyk” simfoniýasynyň III bölümi ýaňlandy. Şeýle hem halypa kompozitor Daňatar Hydyrowyň​ “Elwan güller” atly eseri, kompozitor Çary Nurymowyň​ “Çapyksuwaryň aýdymy” sada we belent ruhda ýerine ýetirildi.

 

Şondan soň Peru​ respublikasynyň kompozitory Billy​ Maýyň meşhur ýerine ýetiriji Imy​ Sumak üçin ýazylan “Goomba​ Boomba​” aýdymy talyp Munisa Hudaýbergenowa​ tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýle hem özbek kompozitory O​. Taşmatowyň​ täzeden işlän “Andijan​ polka” tansynda orkestr bilen birlikde kafedranyň​ mugallymy Sabirow​ Sarwar​ we talyp Ergeşow​ Söhbet çykyş etdiler.

 

Konsertiň dowamynda grek kompozitory Wangelisiň​ “Conquest​ of Paradise​” atly eseri hem ýerine ýetirildi. Hor bilen orkestriň sazlaşykly ýerine ýetiren bu eserinde dost-doganlygyň, parahatçylygyň we ruhubelentligiň belent owazy teatry doldurdy.

 

Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen ähli eserlere mugallym Şirhan Batyrow dirižýorlyk etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan artistleri — Selbi Annadurdyýewa​, Babaguly​ Goşaýew​, Begenç Moşşyýew​, Döwran Gylyjow, Güljemal Taýlyýewa çeper çykyşlary bilen çykyş etdiler.

 

Konsertiň ahyrynda hor bilen orkestriň bilelikde ýerine ýetirýän dabaraly eseri tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Bu çykyş parahatçylykly diplomatiýanyň, döredijiligiň hem-de halklar dostlugynyň sungat arkaly beýany hökmünde aýratyn bellenildi.

 

Baýramçylyk konsertine taýýarlyk döwründe welaýatlaryň dürli künjeklerinden gelen talyplar bilen ýörite ussatlyk sapaklaryny uly tejribeli mugallymlar — dosent Berdinýaz​ Rejepmedow​, Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetçary​ Annamyradow​, Ýazguly Babanyýazow​ hem-de uly mugallym Dürjemal​ Çaňlyýewa​ geçirdiler. Bu netijeli sapaklar ýaş sazandalaryň hünär kämilleşmegine, döredijilige bolan höwesiniň artmagyna we geljekki üstünlikleriniň berk binýadynyň tutulmagyna ýardam etdi.
 

Ogulsapar MUHAMETOWA,

Türkmen döwlet medeniýet we
sungat mekdebiniň mugallymy.