logo

Latest news:
✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦
Home / Science and Education /Ylym-bilimiň beýik ösüşleri
  09.04.2022
983
Ylym-bilimiň beýik ösüşleri

Eziz Diýarymyzda milli ýörelgelere hem-de dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary barha kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron-maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. Öňdebaryjy maglumat tehnologiýalarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bu ugurda Diýarymyzda netijeli işler giňişleýin durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bilim-ylym ulgamynyň döwrebap ösüşi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrebap desgalarynyň ulanylmaga berilmeginde, olaryň ählisiniň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginde, umumybilim berýän mekdeplerde daşary ýurt dillerini, şol sanda hytaý, ýapon dillerini okatmagyň ýola goýulmagynda şöhlelenýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň elektron tilsimatlary gündelik durmuşda ulanmakda, täze tehnologiýalary özleşdirmekde, ornaşdyrmakda işjeňlik bilen tapawutlanýandygyny, umuman, türkmen halkynyň ähli döwürlerde hem bilime, ylma uly gyzyklanma bildirendigini taryhy çeşmeleriň tassyklaýandygyny aýratyn bellemek bolar.

Jemile Ataýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.