Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň belent sepgitleri
  12.11.2022
499
Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň belent sepgitleri

Beýik Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň goýnunda eziz Watanymyz Türkmenistanda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde uly ykdysady ýeňişler, uly rowaçlyklar gazanylyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetiň düzüminde senagat pudagynyň paýynyň barha artmagy ýurdumyzyň kämil innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna, ýeten belent sepgitlerine esaslanýan, batly depginde ösýän döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bu özgertmeler bolsa, ykdysady bilimleriň kämilleşdirilmegi hem-de hünärmenleriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy babatdaky wezipeleri öňe çykarýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ylma döwlet derejesinde uly goldaw berilýär. Döwrebap tehnologiýalaryň esasynda täze innowasiýalary durmuşa geçirmek, ylmyň milli ykdysadyýetiň pudaklary bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm başlangyçlar kabul edilýär. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, «elektron resminamalar dolanyşygy», «elektron görnüşde döwlet hyzmatlary» ýaly sanly tehnologiýalaryň ornuny artdyrmak, tehnologik başlangyçlary emele getirmäge şertleri döretmek, ygtybarly maglumat goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly wezipeler maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýär. Döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy ulgamy bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar bilen üpjün edilýär. Bu ugurda gazanylan tejribeler kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine itergi berýär. Ýurdumyzda telekeçileriň dürli önümleri öndürmäge we önümçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen uzak möhletli karzlaşdyrmak işi çalt depginlerde ösdürilýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe ulgamlarynyň ösüşine uly üns berilýär. Sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arkaly has köp zähmeti talap edýän işleri doly derejede awtomatlaşdyryp, ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini artdyrmakdan we netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu wezipeler bolsa, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin ykdysadyýet ulgamynda hünärmenleriň sanly ykdysadyýetiň möhüm ähmiýete eýe bolan innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallaryndan, tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmekleri häzirki döwrümiziň möhüm talabydyr. Bagtyýar zamanamyzda Arkadagly Serdarymyzyň eziz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatdaky beýik işleri her bir türkmen raýatynyň, biz ýaşlaryň kalbyny çäksiz buýsanja, soňsuz alkyşa besleýär. 

 

Merýem PATJANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.