logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Health /Ýertudananyň adam saglygyna edýän täsiri
  09.07.2022
1253
Ýertudananyň adam saglygyna edýän täsiri

   Ýertudana ir – iýmişlere degişli bolup, özünde köp mukdarda iýmit maddalary saklaýar. Ýertudananyň düzüminde köp mukdarda şeker saklanýar, emma organizmi az energiýa bilen üjün edýär. Geçirilen                     ylmy – barlag işleriň esasynda, ýertudananyň adam saglygyna täsir edýän birnäçe alamatlary ýüze çykaryldy. Olar aşakdakylardan ybaratdyr.

                 Rak öýjükleriniň köpelmeginiň öňüni alýar.

     Ýertudananyň düzüminde saklanýan witaminler, antioksidantlar raka garşy göreşmäge kömek edýär. Umuman, ýertudananyň düzümindäki bu maddalar rak öýjüklerini bloklaýar we olaryň ösmeginiň öňüni alýar.

  1. Ýürek keselinden goraýar.

      Ýertudanada saklanýan antioksidantlar ganyň aşa lagtalanmasyny, gan basyşy peseldýär we holestriniň, ýürek – damar keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Umuman, antioksidantlar ýürekde ýüze çykýan insult we beýleki ýürek kesellere, organizmde bolup geçýän okislenme täsirleşmelerine garşy göreşmäge kömek edýär.

  1. Derini dürli faktorlaryň täsirinden goraýar.

      Içki we daşky faktorlar derini zeperläp bilýär. Mysal üçin, nädogry iýmitlenmeklik, günüň täsiri, deriniň ýanmagy we beýlekiler degişlidir.         Ir – iýmişleriň düzüminde saklanýan maddalar deriniň nemlenip, çyglanmagyna oňat täsir edýär. Esasanam, ýertudanada saklanýan C witamin kollageni sintezleýär, giperpigmentasiýany peseldýär, düwürtikleri aýyrýar, ultramelewşe şöhleleriň täsirinden goraýar.

  1. Beýniniň işjeňligini ösdürýär we neýrodegeratiw keseliniň ösüşiniň öňüni alýar.

     Ýertudanany we başga ir – iýmişleri berhiz hökmünde ulanyp bolýar. Ýertudananyň düzümindäki maddalar beýni öýjükleriniň garramagynyň, ýatkeşligiň peselmeginiň, Alsgeýmer we demensiýa keseliniň öňüni alýar.

  1. Ýaş çagaly aýallara edýän täsiri.

     Ýertudana foliewoý kislotasynyň esasy çeşmesi hasaplanýar. Bir bulgur ýertudana organizmi gündelik foliewoý kislotasynyň 9% - i bilen üpjün edýär. Bu kislota dogabitdi anamaliýa keselleriniň ýüze çykyş derejesini peseldýär.

Enebaý ANNALYÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby