logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Ýeralma nähili reňkde?
  11.05.2022
1457
Ýeralma nähili reňkde?

Dünýäniň dürli ýerlerinde diýen ýaly iň köp sarp edilýän iýmitleriň biri ýeralma hasaplanýar. Beýleki ekinlerden tapawutlylykda bu ekiniň has köp görnüşi duş gelýär. Bu görnüşler hem iýmitlik maksady bilen bilelikde nahar taýýarlamak, ýagda gyzdyrmak, bugdaý bişirmek we senagatda ulanmak ýaly esasy dört sany ugurda peýdalanylýar. Ýer ýüzünde bäş ýüzden gowrak ýeralmanyň görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýeralma ertirlikde, günortanlyk we agşam naharlarynda, taýýar iýmitlerde giňden peýdalanylyp gelinýär. Olaryň käbir görnüşleriniň biri hem gyzyl ýeralma. Ýeralmanyň köp görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilýän ýurtlarynyň biri hasaplanýan ýurt hem Peru hasaplanylýar. Bu ýurtda gyzylymtyl reňkli ýetişýän ýeralma süýji tagamlylygy boýunça düýpgöter tapawutlanýar. Şol sebäpli hem bu ýeralmany püre taýýarlananda giňden ulanýarlar. Mundan başga-da, bu ýeralmadan islendik tagamy taýýarlap bolýar. Gyzyl ýeralmanyň gabygy galyňrak bolup, onuň reňki bolsa ösdürilip ýetişdirilýän topragynyň düzümi bilen baglanyşyklydyr. Bu ýeralmanyň düzüminde adaty beýleki ýeralmada bolşy ýaly köp mukdarda krahmal saklanýar.

Melewşe ýeralma. Bu görnüşli ýeralma Filippinlerde we Indoneziýada giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Süýjümtik tagamy bilen tapawutlanýan bu ekin bedeni zyýanly maddalardan arassalap gezýär. Melewşe ýeralma diňe bir iýmitlik ähmiýetli däl, eýsem, ys we reňk beriji hökmünde hem peýdalanylýar.

Sary ýeralma. Sary ýeralmanyň häzirki wagta has köp görnüşi duş gelýär. Sary ýeralmanyň iýmitlik kuwwaty hem ýokary bolup durýar.

Ak ýeralma. Bu ýeralmalar köplenç çips önümlerini öndürmekde senagatda giňden peýdalanylýar. Esasan hem, bu ekin Niderlandlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Daşy gyzyl, içi sary orta ululykda bolýan gyzyl reňkli bu ýeralma kesilende içi sary bolýar.

Tawus ÝAZMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutyň talyby.