Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦ ✦ Parahatçylyk taglymaty - bitewüligiň binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings 2025» reýtingine goşuldy ✦ ✦ Milli zergärçilik sungaty bilen tanyşyldy ✦ ✦ Meýdan düşelgesindäki dabaraly çäre ✦ ✦ Türkmen sazlary Pekinde ýaňlandy ✦ ✦ Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Ýaz paslynyň jadysy
  24.02.2021
3374
Ýaz paslynyň jadysy

     Günler, sagatlar, nobatma –nobat aýlanmasy bilen, pasyllaryň çalşygy bilen wagt gädilýär. Ýaz pasly başlangyç hasaplanylýar. Dagyň gary eräp dag başyny duman örtýär. Buzlar eräp çeşmedir-çaýlar joşyp başlaýar. Guşlardyr, gumrylar guş dilinde tebigatyň gözeldigini wasp etýärler. Türkmen agasy öňde soňda gowy häsýetleri ýaz bilen baglanyşdyrypdyrlar. Bahar, Gülbahar, Ýazjemal, Ýazgeldi, Ýagmyr ýaly atlary çagajyklara dakylmagy hem ýöne ýere däl ahyryn. Galybersede durmuşda adamlar öz aralarynda ‘Tüweleme ýüziňä ýaz ýaly açylaýypdyr’ diýmesi hem bar . Çünki ýazyň gelmegi bilen älem ýüzinde täzeleniş başlaýar. Ýazyň gelmegi bilen mallar örä çykarylýar.    

   Howa hut şu möwsümde daýhanlaryň duruşynda gyzgalaňly döwür başlanýar. Jeýhunyň, Murgabyň, Garagum derýasynyň lummurdap akýan suwy bilen birlikde daýhanyň maňlaý deri garylyp ýere düşen tohym suwarylýar. Aslynda daýhanlar üç ýerde begenýändir. 1-njisi ýere tohum atanda, gögeriş alanda, soňam hasyl ýygnalanda. Tohym atylyp, gögeriş alynýan möwsim hem ýaz paslynda jemlenendir. Diňe daýhanlaryň däl bütin dünýäniň şatlygyny goşalandyrylýan ýaz söýgüniň pasly hasaplanylýar. Türkmen edebiýatynyň görnikli wekili bolan Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde hem ýaz paslyny wasp etýän şygyrlara  gabat gelmek bolýar. Aslynda ýazjylar tebigatyň sözsiz, dilsiz sözleýişine düşünýän adamlar diýilýär. Megerem şonyň üçindir ýaz hakynda ençeme ajaýyp goşgularyň awtory Gurbannazar Ezizowa “Ýazyň-güýziň şahyry ” diýip at berilmegi. Şu ajaýyp tebigaty waspynda şahyr boljak ynsanlar entäk entäk kändir. Onsaňam taryhdan şu güne çenli tebigatyň yşgynda joşmadyk ýazjy megerem ýokdyr. Tebigatyň sazlaşykly kämilligi ajaýyp sungat eseri mysalydyr. Şeýle duýgulary başdan geçireýin diýseňiz seýilgählerde, howlyňyzdaky baglarda saýraýan guşjagazlara diň salyň, kiçijek jandarlaryň hem tebigatyň gözeldiginiň yşkyda saýramasyna düşinip bilmeseňiz. Guşlaryň jürkildisini adatylykdan saýgaryp bilmeseňiz onda terje bag ýapragynyň eliňize alyp synlaň. Şonda damar-damar bolup duran çyzyjaklaryň ýazyň dilinde ýazlan aýdymlygyna düşinersiňiz. Eger bu tejribäňiz hem netije bermese onda ýaz gülünden bir çemen ýasaň. Uýaňyza, ejeňize, işdeş ýoldaşyňa, ýada söýgüli gyzyňa tapawudy ýok, özüňiziň iň eý görýän adamyňyza sowgat beriň. Gülleriň owadanlygynyň öňünde iň bir gedem gaşlaryňam uçyp barýan kepderi kimin ýaýylýanyny görersiňiz. Muňa näme diýip bolar ? Ynsanyň müň sözünden tebigatyň birje güliniň täsiri üstündir. Muňa ýaz paslynyň jadysy diýilýär. Goý guşlary saýradyp, derýalary joşdyryp, sizi bagta duşuryp, ähli barlygy janlandyryp,  mähir bilen gurşap, owadanlyk bilen jadylap pasyllar aýlanyp dursyn. Ömrüňiz hemişe ýaza meňzesin!