logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /ÝATKEŞLIGI NÄDIP GÜÝÇLENDIRMELI?
  21.04.2022
5621
ÝATKEŞLIGI NÄDIP GÜÝÇLENDIRMELI?

   Beýleki ukyplar ýaly, tälim geçip ýady ösdürip we güýçlendirip bolýar. Iň esasy dogry usuly ulanmakdyr.Unutmak – bu gerekmeýän maglumatlardan, ýady arassalamagyň tebigy prossesidir. Emma çenden aşa unutmaklyk hem adamyň durmuşyny kynlaşdyrýar.Ýady güýçlendirmegiň käbir usullaryna seredip geçeliň:
   1.Birleşmeler we wizual şekiller dörediň.Eger-de täze maglumatlary köne bilýänleriňiz bilen baglanyşdyrsaňyz ýatda saklamak aňsatlaşýar.
   2.Goşgy ýatlaň we daşyňyzda gaty ses bilen okaň. Wagt bilen barlanylan usullaryň birirdir.Diňe bir labyzly okamak dälde esem manysyna düşünip okamakdyr.Eger-de goşgy halamaýan bolsaňyz aýdymlaryň sözlerini ýatlamak hem bolar. Gaty ses bilen okamak bolsa wagtyň geçmegi bilen siziň eşidenleriňizi tiz ýatda saklamaga ýardam eder.
   3.Unudanlaryňyzy ýada saljak boluň.Meselem, dükana gideniňizde almaly harytlaryňyzyň sanawyny kagyza ýazman ýatda saklamana çalşyň.Şeýlede telefon belgiler we adam atlary hem bolup biler.
   4.Daşary ýurt dillerini öwreniň.Goşgylary we aýdymlary diňe ene diliňizde dälde beýleki dillerde öwrenjek boluň. Daşary ýurt dillerini bilmeýän bolsaňyz ony özleşdirmäne başlaň! Bu siziň ýadyňyzyň wagtyň geçmegi bilen maglumatlary aňsat kabul etmäge ýardam eder.
   5. Bir günüň dowamyndaky wakalary ýada salmak.Irden oýananyňyzdan agşam ýatýançaňyz bolan wakalary, adamlaryň gürrüňlerini we ýüz keşbini, her bir gelen jaňlary ýada salajak boluň. Bu diňe bir ýady ösdürmän eýsem siziň söz baýlygyňyzyň ösmegine ýardam eder.
   6. Ýoluňyzy üýtgediň. Günde şol bir ýoldan işe ýa-da okuwa gidýäňizmi? Onda ony üýtgediň! Siziň giýän ýoluňyz gysga we amatly bolsada, üýtgetmäne çalşyň sebäbi adamyň beýnisi hemişe dürlilik  we täze täsinlikler isleýär.
   7.Sagdyn durmuş ýörelgesine eýe boluň.Arassa howa, sport bilen meşgullanmak, dynç almak- esasy faktorlaryň biridir. Otagyňyzy ýelejiretmek we arassa howada aýlanmak gany zerur kislorod bilen doldurýar. Şeýlede ýadyň ýagdaýy dogry iýmetlenmäge baglydyny hem unutmaň! Iýmitiňe has köp hoz, peýnir, ýumutga,balygyň ýagly görnüşlerini, miweleri we bakja önümlerini goşuň!

Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby