logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Science and Education /Ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň düzgünleri düşündirildi
  25.02.2021
2984
Ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň düzgünleri düşündirildi

       Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap ýollar, giň köçeler gurlup halkymyza ulanmaga berilýär. Abadan ýollarymyzda, parahat köçelerimizde elmydam asudalygyň höküm sürmegi üçin alada etmek bolsa, biz, raýatlaryň jemgyýetimiziň öňündäki raýatlyk borjumuzdyr. Şu aýdyň wezipelerden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini düşündürmek, çagalaryň köpçülük ýerlerde tertip-düzgüni berjaý etmegi özleriniň endiklerine öwürmeklerini gazanmak örän derwaýys meseledir. Halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowlanmagy netijesinde, döwrebap, ýelden ýüwrük ýeňil we ýük awtoulaglary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ak ýollarymyzyň bezegi bolup köçelerimizi doldurýar. Häzirki döwürde ýollarda ulag serişdeleriniň köplügi, köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň talaba laýyk berjaý edilmegini talap edýär. Bu talap diňe bir sürüjileri däl-de, eýsem, pyýada ýolagçylary hem ýollardan geçenlerinde örän dykgatly, hüşgär bolmaga borçlandyrýar. Bu wajyp meselä, ähli raýatlar, ylaýtada, ene-atalar, terbiýeçiler we mugallymlar juda çynlakaý çemeleşip, çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini yzygiderli düşündirip durmalydyrlar. Ynha, şu asylly maksat bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň orta mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda ösüp gelýän ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmek çäreleri, okuw sapaklary giňden ýaýbaňlandyryldy.

       Çagalar baglarynda we orta mekdeplerde körpeleriň arasynda oýun, bäsleşik görnüşinde ýol hereketleriniň düzgünlerini ýatda galyjy, ýeňil usulda öwredýän okuw-terbiýeçilik sapaklary geçirildi. Okuwlar çagalary özara bäsleşdirmek, ýol belgilerini tanamakda we ýol hereketini yşyklandyrjynyň buýruklaryny dürs ýerine ýetirmekde ýaryşdyrmak ýaly öwrediji oýunlary oýnatmak arkaly geçirildi. Sapaklary oýun usulynda geçirmek, çagalaryň ýadynda oňat galmagyna uly ýardam edýär.

      Okuwlar “Geliň, abadan ýollarymyzda asudalygy goralyň” ady bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümüziň rahatlygy” atly döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilýär. Bu gezekgi düşündiriş, terbiýeçilik häsiýetli okuwlar, körpe nesillerimiz üçin uly şatlyk-şowhuna beslenen dabara öwrüldi. Okuwlaryň arasynda bagtyýar çagalaryň köçe-ýol hereketine, sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlap joşgunly aýdan goşgudyr-aýdymlary, ýerine ýetiren milli tanslary hem-de ajaýyp çykyşlary bu wagyz-nesihat, okuw-terbiýeçilik çäresini özboluşly baýramçylyk dabarasyna öwürdi.