logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /ÝALTAJA HAÝWAN (LENIWES)
  26.04.2022
1522
ÝALTAJA HAÝWAN (LENIWES)

 Folivora  “ýaprak iýijiler” manysyny berýär. Süýdemdirijileriň tükel däl dişliler otrýadyna degişlidir. Bu haýwanlar özüniň haýallygy bilen tapawurlanýar, ýekeleýin durmuş ýöredýärler, biri-birleri bilen seýrek gabat gelýärler. Emma duşuşanlarynda örän dostlukly we olara öwrenişme häsiýeti mahsus. Ömrüniň köp bölegini agaçlara hereketsiz geçirýärler, 20 sagada golaý uklaýarlar. Hepdede bir gezek hereketlenmek üçin agaçdan aşak düşýärler. Adyndan belli bolşy ýaly bu jandarlar howlukmaýarlar, Merkezi we Günorta Amerikada, Paragwaýda, Argentinada, Boliwiýada gabat gelýärler. Bularyň güýçli barmaklary bardyr, şolar arkaly hem aňsatlyk bilen agaçda durmagy başarýarlar. Boýy 60 sm, ortaça agramy 4-6 kg ýetýär. Haýwanyň bütin göwresini goňur-çal reňkli tüýler bilen örtülendir. Käbir adamlar bu haýwany maýmynlar bilen çalyşypdyrlar, sebäbi bularyň kellesi togalak, gulagy kiçi görnüşinde bolýar. Olaryň kellesi we guýrugy örän kiçi ululykdadyr. Leniwesiň iň halaýan iýmiti ewkalipt agajynyň ýapraklarydyr, bu iýmiti haýwanlar tükeniksiz iýmäge ukyplydyrlar. Iýmiti siňdirmek üçin olara bir aý töweregi wagt gerek bolýar.
   Bu süýdemdirijileriň görüjiligi we eşidijiligi pes bolsa-da, duýgurlygy ýokarydyr. Bularyň ululary örän gowy ýüzüjilerdir we olaryň göwresi iň pes temperatura eýedir. Köp alymlar leniwesleriň ýaltalygyny şonuň üsti bilen düşündirýärler. Leniwesler örän haýal haýwanlar bolup, başga bular ýaly haýwanlar dünýäde gabat gelmeýär. Leniweslary iki topar birleşdirýär.
   Birinjisi (ikibarmaklylar maşgalasy) ikibarmakly we Goffman leniwesi görnüşlerini öz içine alýar. Bu haýwanlar Wenesuelada, Gweneýeda, Kolumbiýada we beýleki ýerlerde mesgen tutýarlar. Bu görnüşiň wekillerinde guýruk ýok, göwresiniň agramy 8 kg, boýy 70 sm. Ikinji (üçbarmaklylar maşgalasy) goňurbokurdaklylar we boýunbaglylar degişlidir. Bular hem Argentinada, Boliwiýada duş gelýär, göwresiniň uzynlygy 56-60 sm, agramy 3,5-4,5 kg barabar, guýrugy bar.


Aýgül Hallyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby