Türkmenistanyň halk artisti Hajy Annamämmedowyň milli teatr sungatymyzyň ösmeginde bimöçber hyzmatlary bitirdi. Geliň, halypa artistiň durmuş we sungat ýoluna degişli dürli maglumatlar bilen tanyş bolalyň!
H.Annamämmedow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda doglulýar. 1947-nji ýylda şol döwürde Aşgabatda ýerleşen Pedagogik institutynyň biologiýa-geografiýa fakultetini tamamlap, Tejende hem-de Babadaýhanda mugallym bolup işleýär. 1951-nji ýylda onuň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bolýar. Şol ýyl ol žurnalist bolmak arzuwy bilen Moskwa şäherine gidýär. Ýöne resminamalaryny Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutynyň tankytçylyk bölümine tabşyrýar. Synaglara taýýarlanyp ýören mahaly şol institutyň professory N.W.Petrow onuň bilen söhbetdeş bolup, güneşli Türkmenistandan Moskwa okuwa baran ýigidi institutyň artistleri taýýarlaýan bölümine okuwa çagyrýar. Ony institutyň üçünji ýylyna okuwa kabul edýärler. 1954-nji ýylda H.Annamämmedow instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlap, dogduk mekana dolanyp gelýär.
H.Annamämmedow doga zehinli bolupdyr. Munuň şeýledigine onuň Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutynyň üçünji ýylyna okuwa kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär. Adatça, islendik ýokary okuw mekdebinde dört ýa-da bäş ýyl okalýar. Ýöne Hajy Annamämmedow üçin şeýle şertleriň döredilmegi onuň doga zehini bilen baglydyr. Onuň mahmal ýaly ýakymly sesi, sypat-syny oňa özünden biygtyýar artistlik hünärini saýlamagyna sebäp bolupdyr.
H.Annamämmedow «Ak lotos», «Gögeýin», «Otuzynjy ýyllar», «Murgabyň kenarynda», «Derňewçi», «Synag», «Garagumda», «Söýgi», «Ykbal», «Aýgytly ädim», «Taýfun», «Joralar», «Elwan ýaglykly serwim», «Bu gaýtalanmaly däldir», «Çalaran başlar», «Jeňňelde bir gije», «Keremli toprak» ýaly spektakllarda ýatda galyjy keşpleri döredýär. Ol bu spektakllaryň haýsy ýylda sahnalaşdyrylandygyny hem-de olaryň awtorlarynyň kimdigini ýazypdyr. Bu bolsa onuň öz kesbi-kärini belent sarpalandygyna hem-de özüne ynanylan gahrymanlaryň keşpleri bilen dem alyp, şol gahrymanlaryň ruhy dünýäsini tomaşaçylara ýetirmegiň arzuwy bilen ýaşandygyna şaýatlyk edýär.
1963-nji ýylda Moskwada teatr sungatyny öwreniji Ý.Kuznesowyň «Bäş kontinentiň dostlary» atly kitaby neşir edilýär. Ý.Kuznesow öz kitabynda hytaý dramaturgy Sao-Üýniň pýesasynyň türkmen teatrynyň sahnasynda üstünlikli gidýänligi barada Aşgabatdan Pekiniň daşary ýurtlar bilen medeni aragatnaşyk saklaýan Bütinhytaý jemgyýetine telegramma iberenligini habar berýär.
Hajy Annamämmedow gürrüňi edilýän hytaý dramaturgy Sao-Üýniň «Taýfun» atly spektaklynda Çun Eranyň keşbini janlandyrypdyr. Spektakla Aşgabada Hytaý Halk Respublikasyndan gelen myhmanlar hem tomaşa edipdirler. Artist: «Çun Eranyň keşbini hytaýly myhmanlar nähili kabul ederkä?» diýip, uly alada galýar. Ýöne doga zehinli artistiň döreden keşbi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Bu wakadan köp wagt geçmänkä, Hytaýdan H.Annamämmedowyň adyna hat gelýär. Haty Şanhaýda ýaşaýan 20 ýaşly Hou Wy Çun ýazypdyr. Ol hatynda şeýle diýýär: «Salam Hajy! Men sen barada Şanhaýda çap edilen gazetden bildim. Onda seniň biziň dramaturgiýamyzyň «Taýfun» atly pýesasynyň baş gahrymany Çun Eranyň keşbini ussatlyk bilen döredenligiň barada gürrüň berilýär». Şeýdip ol Hou Wy Çun bilen hat alşyp başlaýar. Şanhaý şäherinde işleýän we uniwersitetde gaýybana okaýan Hou Wy Çun bilen H.Annamämmedow dostlaşyp, uzak wagtlap hat alşypdyrlar.
H.Annamämmedow özüniň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylýan pýesalary öýünde içgin öwrenýän eken. Bu bolsa özüne ynanylan keşbi has içgin özleşdirmäge, ýagny şol keşbiň ruhy dünýäsi bilen ýaşamaga hem-de ony ussatlyk bilen tomaşaçylara ýetirmäge uly mümkinçilik döredipdir.
H.Annamämmedow halypa artist hökmünde ýaşlara teatr sungaty boýunça ders beripdir. Olaryň sungata bolan ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga çalşypdyr. Ol artistiň hünärinde esasy zatlaryň biri hasaplanylýan çeper okaýşa hem-de sözsüz hereketlere köp üns beripdir. Durmuş we zähmet tejribesine daýanyp, hemişe ýaşlara halypalyk edipdir.