Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dünýäniň iň kiçijik jaýy ✦ ✦ Türkmen mirasy - dünýä hazynasynyň genji hazynasy ✦ ✦ Hil, durnuklylyk we Halkara bazarlar ✦ ✦ Oba hojalygynda geljegiň öňdebaryjy kadalary ✦ ✦ Daşky gurşawy gorap, sagdyn durmuşy üpjün ediň ✦ ✦ Adamzat paýhasynyň dürdänesi ✦ ✦ Myhmanlar Taryhy we Geologiýa muzeýlerine aýlanyp gördüler ✦ ✦ Himiýa olimpiadasynda dostlukly bäsleşik ✦ ✦ Talyp gyzlaryň arasynda milli döredijilik bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ “Bilim” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Ýakymly ýatlamalar»: Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanow
  18.10.2022
1037
«Ýakymly ýatlamalar»: Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanow

Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanow 1940-njy ýylyň 7-nji maýynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Kelete obasynda dogulýar. Annaberdi atasynyň we kakasy Atdan aganyň çalan sazlaryna ýaşlykdan öwrenipdir. Ol ilki aýdym aýtmagy başlamanka, dutar çalmagy öwrenipdir.

Annaberdi Atdanow orta mekdebi tamamlansoň, Bäherden etrabynyň ýol hojalygy gullugynyň Kelete demir ýol stansiýasynda (bekedinde) işe başlapdyr. Dutaryň kirişleri ýaly uzalyp alyslara gidýän «polat ýoluň» ugruny syryp, onuň abatlygyna gözegçilik edipdir. Geljekde külli türkmeniň sylag-hormatyna, meşhurlyga eýe boljak bu jahyl ýigit özüniň gözegçilik edýän «polat ýolundan» batly geçip gidýän içi ýolagçyly ýa-da üsti ýükli wagonlary göreninde kalby joşup, hiňlenenini duýman galypdyr.

Kärdeş ýoldaşlary Annaberdä haýran galyp, onuň ýakymly owaz bilen aýdym aýdyşyna gulak asypdyrlar, berekellasyny ýetiripdirler. Ol Bäherden etrabynda geçirilýän dabaralardyr çärelere hem işeňňir gatnaşyp, aýdym-saz bilen köpçüligiň göwnüni göteripdir. Ol dutar çalmaga-da ussat bolupdyr. Ol işdeş ýoldaşlarynyň toýlarynda gijäniň bir mahalyna çenli aýdym-saz bilen märekä hezil beripdir. Ol 1970-nji ýylda Türkmen döwlet filarmoniýasynda işe başlaýar, şol ýyllarda «Aşgabatdan salam» atly estrada aýdym-saz toparyny döredýär.

Gara Seýitliýew, Aman Agajykow, Nury Halmämmedow, Mäti Çaryýew, Öwezgeldi Tekäýew, Ata Esadow, Akmyrat Çaryýew, Annageldi Jülgäýew, Weli Muhadow, Ýolaman Nurymow, Saparmyrat Babaýew, Geldi Bäşiýew, Nazar Begliýew dagylar Annaberdi Atdanowyň bilelikde işleşýän egindeşleri bolup, olar bilen aýdym-saz sungaty barada söhbet edipdir, pikir alşypdyr.

Annaberdi Atdanow meşhur kompozitor Nury Halmämmedowa uly sarpa goýupdyr. Ussat kompozitor hem onuň bilen höwesli işleşipdir, bagşynyň zehinine hormat goýupdyr. Nury Halmämmedow «Mukamyň syry», «Keçpelek» filmlerine saz ýazanda, olardaky «Ilden aýypdyr», «Sonam duran ýerlere» diýen aýdymlary Annaberdi Atdanowyň ýerine ýetirmegini isläpdir.

Halkymyzyň aňynda müdimilik ýaşaýan şirin owazly, mahmal sesli meşhur aýdymçynyň gulaga ýakymly «Seni küýsedim», «Sonam duran ýerlere», «Ilden aýypdyr», «Söýdüm seni, eý, dildar», «Jan Eneş», «Dillen, läläm», «Ilden ogrynça», «Maral», «Çopan oglan», «Öz ilimiň gara gözli gyzlary», «Säher guşlar saýranda», «Gumly gelin», «Seýle gelseň bu daglara», «Gül ýüzüňe bakaýyn» ýaly hiç kesiňkä çalym etmeýän belent owazly aýdan aýdymlary aýdym-saz sungatyna sarpa goýýan her bir adamyň kalbynda uly orun aldy. Onuň owazy Kanada, Mongoliýa, ýaly ýurtlarda ýaňlandy.

Annaberdi Atdanow guýmagursak jöwher zehinlidi, Hakdan içen aýdymçydy, türkmeniň saýrak bilbilidi. Ol 1982-nji ýylda Tejenden Aşgabada gelýärkä ulag heläkçiliginde aradan çykýar. Görenleriň aýtmagyna görä, Kaka bilen Duşagyň aralygynda ulaglaryň çaknyşygy bolupdyr. Bu ýol heläkçiliginde Annaberdi bilen bilelikde nowbahar ogly hem şehit bolupdyr. Juwan ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyşlan Annaberdi Atdanowyň inisi Ýalkabyň ogly Arslan Atdanow häzirki günlerde onuň ýoluny dowam etdirýär. Oňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» hormatly ady hem berildi. 

Halk özüniň bilbil owazly ogluny hemişe ýatlaýar, onuň miras goýup giden aýdymlaryny höwes bilen diňleýär, lezzet alýar.